Angliýanyň FA Kubogynda çärýek final duşuşyklary geçirilip, ýarym finala çykanlar belli boldy. Çärýek finalda uly hasaply, şol sanda garaşylmadyk ýeňişler hasaba alyndy.
Çärýek finalyň iň esasy oýnunda “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Liwerpuly” 4-0 hasabynda derbi-dagyn etdi. Şäherlilier duşuşygyň 1 sagady dolmanka garşydaşynyň derwezesinden jogapsyz 4 gol geçirip, olaryň 3-sini Erling Holann öz adyna ýazdyrdy. Ol duşuşygyň 39-njy (p), 45+2-nji hem-de 57-nji minutlarynda tapawutlanyp, “Mançester Sitidäki” 12-nji het-trigini etdi. “Mançester Sitiniň” beýleki goluny bolsa 50-nji minutda Semenýo derwezä girizdi.

“Çelsi” bolsa öz meýdançasynda 3-nji liganyň wekili “Port Weýl” toparynyň derwezesinden gol baryny ýagdyrdy. 7-0 hasabynda üstün çykan “Çelsiniň” gollaryny 2-nji minutda Hato, 25-nji minutda Žoao Pedro, 42-nji minutda Larwens-Gabriel (ö.d.), 57-nji minutda Adarabioýo, 69-njy minutda Santos, 82-nji minutda Estewao hem-de 90+2-nji minutda Garnaço (p) geçirdi.
FA Kubogyny iň köp gazanan “Arsenal” myhmançylykda 2-nji liganyň topary “Southempton” topary bilen duşuşyp, garaşylmadyk ýagdaýda 2-1 hasabynda asgyn geldi. Duşuşygyň 35-nji minutynda ýer eýeleri Ross Stýuwartyň goly bilen öňe saýlandy. 68-nji minutda Wiktor Gýokereş hasaby deňlese-de, 85-nji minutda Şi Çarlz oýna soňky nokady goýdy. Şunlukda, “Arsenal” 2-nji liganyň wekilinden asgyn gelip, möwsümi 3 kubok bilen tamamlamak mümkinçiligini elden giderdi. Londonlylar mart aýynda Liga Kubogynyň finalynda “Mançester Sitiden” utulyp, 4 kubok gazanmak mümkinçiligini hem elden gideripdi.
Londonda “West Ham” bilen “Lids Ýunaýted” toparlary duşuşyp, myhmanlar Tanakanyň (25) hem-de Kalwer-Lewiniň (75 p) gollary esasynda 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne “West Ham” topary 90-njy minutdan soň 2 gol geçirip, hasaby deňledi. Mateus Fernandesiň 90+3-nji minutda hem-de Aksel Disasiniň 90+6-njy minutda geçiren gollary bilen hasaby deňlän “West Ham” oýundan soňky 11 metrlik urgularynyň netijesinde “Lids Ýunaýtedden” asgyn geldi (4-2).
FA Kubogynyň ýarym finalynda “Çelsi” bilen “Lids Ýunaýted”, “Mançester Siti” bilenem “Southempton” duşuşar. Duşuşyklar 25-26-njy aprelde Londondaky “Wembley stadionynda oýnalar.
PDF









