Transfer möwsümine işjeň girişen “Mançester Siti” topary 2-nji transferini hem resmi ýagdaýda mälim etdi. Pep Guardiolanyň tälimçiligindäki kluby fransuz topary “Liondan” Raýan Şerkini düzümine goşdy. Bu transfer üçin “Mançester Siti” topary “Liona” 36,5+6 million ýewro tölär. Şäherliler 21 ýaşyndaky winger, hüjümçi bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol “Lionda” 6 möwsümde 185 oýunda 29 gezek tapawutlandy. Fransiýanyň ýygyndysynda-da 2 oýunda 1 gol geçirdi.
Foto: “Mançester Siti” toparynyň internet saýtyndan alyndy.