Öz meýdançasyndaky oýunlarda ýeňmesi kyn toparlaryň biri bolan we ýaryşyň debýutanty “Bude-Glimt” Norwegiýada yklymyň güýçli klublaryndan “Interi” 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleriniň gollaryny Sondre Fet (20), Peter Hauge (61) hem-de Kasper Hög (64) geçirip, italýanlardan ýaş hüjümçi Espositonyň (30) ýeke-täk goly ýeňşe ýetmedi. “Bude-Glimt” topary mundan öň Italiýanyň “Lasio”, “Roma” klublaryny, şol sanda “Mançester Sitini” hem öz meýdançasynda utupdy.
Ýeňiji Madridde belli bolar
“Klub Brýugge” bilen “Atletiko Madridiň” arasyndaky oýunda janköýerler 6 gola gözli şaýatlyk etselerem, duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady. Çekeleşikli geçen oýunda ispan kluby ýeňşi soňky minutlarda elden giderdi. 1-nji ýarymda 2-0 hasabynda öňe saýlanan madridlileriň adyndan Hulian Alwares, Lukman hem-de Ordonýes (awtogol) tapawutlandy. Ýer eýeleriniň gollaryny bolsa Onýedika, Tresoldi hem-de Tzolis derwezä girizdi.
Gresiýada ýerli “Olimpiakos” topary bilen Germaniýanyň “Baýer” topary duşuşyp, oýun myhmanlaryň 2-0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy. Lewerkuzenlilere ýeňiş getiren gollaryň 2-sini hem 60-njy we 63-nji minutlarda Patrik Şik derwezä girizdi.
Pleý-off tapgyrynyň jogap oýunlary 24-25-nji fewralda geçiriler. 1/8 finalyň bijeleri bolsa 27-nji fewralda çekiler.
PDF









