Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” kluby ýurduň başga bir topary “Wulwerhemptonyň” braziliýaly hüjümçisi Mateus Kunýany düzümine goşdy. Mankunianlar 26 ýaşyndaky futbolçynyň transferi üçin möjeklere 62,5 million funt sterling tölär. Mateus Kunýa “Ýunaýted” bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. 2,5 möwsüm “Wulwerhempton” toparynda oýnan Kunýa iňlis klubunda 92 oýunda 33 gol geçirdi.
Professional karýerasyna Şweýsariýanyň “Sion” toparynda başlan Kunýa “RB Salsburg”, “Herta Berlin”, “Atletik Madrid” klubunyň hem köýnekçesini geýdi.
Mateus Kunýa Braziliýanyň milli toparynda-da 15 oýunda 1 gezek tapawutlandy.
Ruben Amorimiň tälimçiliginde “Mançester Ýunaýtedi” geçen möwsümi birnäçe antirekordlar bilen 15-nji orunda tamamlady.