Geçen möwsümi juda şowsuz tamamlan klublardan “Mançester Ýunaýted” topary Mateus Kunýa hem-de Braýan Mbeumadan soň ýene bir hüjümçini düzümine goşdy. Iňlis kluby “Bundesliganyň” wekili “Leipsigiň” sloweniýaly hüjümçisi Benýamin Şeşkony 76,5+8,5 million ýewro transfer etdi. 22 ýaşyndaky oýunçy iňlis kluby bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol “Mançester Ýunaýtediň” ilkinji sloweniýaly futbolçysy bolar.

Şeşko Awstriýanyň “Lifering” (2-nji liga) toparynda futbola başlap, 2020-nji ýylda “RB Salsburg” klubuna transfer boldy. 3 möwsümden soňam “Leipsigiň” düzümine goşulan Şeşko salsburglylaryň hatarynda 79 oýunda 29 gol, leipsigliler bilenem 87 oýunda 39 gol geçirdi. Ol Sloweniýanyň milli ýygyndysynda-da 41 oýunda 16 gezek tapawutlandy.