“Mançester Ýunaýtediň” täze tälimçisi mälim edildi

101

“Premier Ligada” garaşylyşyndan pes netije görkezýän “Mançester Ýunaýtediň” täze tälimçisi resmi ýagdaýda mälim edildi. Ozaldan hem belli bolşy ýaly, klub häzirki wagtda “Aýaks” toparyna tälim berýän Erik ten Hag bilen 3 ýyllyk şertnamanyň baglaşylandygyny habar berdi. 52 ýaşly tälimçiniň öweztölegi hökmünde “Aýaksa” 2 million ýewro berler. “Go Ehed Iglz”, “Bawariýa II”, “Utreht” ýaly klublara tälim beren Ten Hag futbolçylyk ýyllarynyň aglabasyny “Twente”, “De Graafşap”, “Utreht” ýaly klublarda geçirdi.

“Aýaks” Ten Hagyň tälimçiliginde 2019-njy we 2021-nji ýyllarda çempionlyk gazanypdy. Ten Hag topara tomusda tälim berip başlar.