Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionaty üçin transfer möwsümi tamamlandy. Ýöne erkin agent ýagdaýdaky futbolçylary transfer etmäge ygtyýar berilýär.
“Mançester Ýunaýted” bilen şertnamasy tamamlanan daniýaly ýyldyz futbolçynyň nobatdaky duralgasy “Bundesliga” boldy. Erkin agent ýagdaýyndaky 33 ýaşly futbolçy “Wolfsburgyň” düzümine goşuldy. Ol nemes kluby bilen 2+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Aýaksda” futbola başlan Eriksen amsterdamlylaryň düzüminde 4 möwsüm oýnady. Soňra “Tottenham” bilen şertnama baglaşan Eriksen bu toparda 6,5 möwsüm çykyş etdi. “Interdäki” 1,5 möwsümlik başdangeçirmesinden soň, täzeden Angliýa dolanan Eriksen “Brentford” (1 möwsüm) hem-de “Mançester Ýunaýted” (3 möwsüm) toparlarynyň köýnekçesini geýdi. Klublarda 645 oýunda 118 gol geçiren Eriksen Daniýanyň ýygyndysy bilen 144 duşuşykda 46 gezek tapawutlandy. Eriksen EURO 2020-de Daniýa – Finlýandiýa duşuşygynda ýüregi durup, lukmanlaryň gyssagly beren kömeginden soň özüni dürsäpdi. Ol 2021-nji ýylyň tomsunda bolup geçen bu wakadan soň 9 aý töweregi meýdança çykmady.