Afrikada Hytaý panelleriniň köp mukdarda import edilmegi netijesinde Gün energiýasy ösdürilýär. Marokko diňe bir yklymyň esasy import edijilerinden biri bolman, eýsem, ýerli senagatyň ösüşinde öňdebaryjydyr.
“Ember” gözleg toparynyň iň soňky hasabatyna görä, Patyşalyk sebitde energiýa geçişinde öňdeligi eýeleýär. Ýakynda Marokko önümçilik kuwwatyny ýylda 1 GW-a çenli iki esse artdyryp, senagat ösüşinde möhüm ösüşi görkezdi.
“Afrikanyň Gün energiýasynyň ösüşiniň ilkinji subutnamalary” atly hasabatda 2024-nji ýylyň iýulyndan 2025-nji ýylyň iýun aýyna çenli Hytaýdan 15 032 MWt Gün panelleriniň import edilip, bu öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 60% ýokarlandy.
Şeýle-de bolsa, «Ember”-iň maglumatlaryna görä, Marokko öz Gün paneli önümçiligini güýçlendiren az sanly Afrika ýurdundan biridir. Önümçilik kuwwatyny ýylda 1 GW-a çenli iki esse artdyran bu strategiýa, üpjünçilik zynjyryny üpjün etmäge we importa garaşlylygy azaltmaga gönükdirilendir.
Gün energiýasynyň ösüşi global energiýa strategiýasynyň bir bölegidir. Marokko gaýtadan dikeldilýän energiýanyň paýyny 2030-njy ýyla çenli bellenen kuwwatynyň 52 göterimine çenli ýokarlandyrmagy maksat edinýär. 2023-nji ýyla çenli bu energiýa çeşmeleri milli elektrik energiýa balansynyň, takmynan, 40 göterimini emele getirdi.