Mart aýynyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli dürli çäreleriň we dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň, şol sanda “Talyp gözeli”, “Iň eýjejik gyzjagaz”, “Zenan — Zeminiň zynaty”, “Ýaşlygymyň bahary” atly bäsleşikleriň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralarynyň, welaýatlarda, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde baýramçylyk çäreleriniň, konsertleriň, suratkeşleriň sergisiniň, teatrlarda sahna oýunlarynyň görkezilişiniň guralmagy hem-de Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda”, Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda Milli bahar baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaralaryň, Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň gatnaşmagynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!” atly festiwalyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Bu barada 20-nji fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
PDF









