19-njy dekabrda Mary etrabynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Eziz dag» hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasy açylyp ulanmaga berildi.
12 gektar ýerde täze gurlan ýyladyşhana gök ekinleri ýetişdirmäge we olardan bereketli hasyl almaga mümkinçilik berýän dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly tehnologik enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Olaryň kömegi bilen ýyladyşhananyň howasy çalşylýar, çyglylygy bellenilen derejede saklanylýar, şeýle hem ekinler agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda damjalaýyn usulda suwarylýar. Bu ýerde işleriň awtomatik usulda dolandyrylmagy el zähmetini azaldyp, işleri çalt we ýokary hil derejesinde amala aşyrmaga ýardam berýär. Gutujyklarda ýerleşdirilen arylaryň kömegi bilen ekinlerde tozanlandyrma işleri geçirilýär.
Her ýylda 2 müň tonna gök önümi ýetişdirmäge niýetlenen täze ýyladyşhanada pomidoryň 9 görnüşi ýetişdirilýär. Olar tagamynyň datlylygy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Häzir bu ýerde ýetişdirilýän gök önümler welaýatyň, şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň içerki bazarlaryna elýeterli bahalardan ýerlenilýär.
Çeşme: “Türkmenistan” gazeti