Islendik halkyň özboluşly medeniýeti, däp-dessurlary, ýörelgeleri hem milli gymmatlyklary bolýar. Olar wagtyň geçmegi bilen jemgyýetde bolup geçýän wakalar bilen kämilleşip, özgerip bilýär. Ýöne türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň özenini düzýän maşgala gatnaşyklary bolsa hemişe öz mukaddesligini saklaýar.

Go­laý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Tür­ki­ýä­niň döw­let te­le­ra­dio­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «TRT World» te­le­ýaý­ly­my­nyň so­wal­la­ry­na jo­gap ber­di. Şol söh­bet­deş­li­giň so­wal­la­ry­nyň bi­ri hem maş­ga­la dü­şün­je­sidir.
– Si­ziň maş­ga­la gat­na­şyk­la­ry­na, maş­ga­la ag­za­la­ry­ňy­za uly hor­mat goý­ýan­dy­gy­ňyz hem­me­le­re mä­lim­dir. Maş­ga­la dü­şün­je­si Si­ziň üçin nä­mä­ni aň­lad­ýar? – di­ýen so­wa­la mil­li Li­de­ri­miz şeý­le jo­gap ber­di:
– Me­niň üçin, umu­man, türk­men­ler üçin maş­ga­la gat­na­şyk­la­ry ça­ga­la­ry­my­za we ag­tyk­la­ry­my­za mi­ras gal­ýan, go­rap sak­lan­ma­ga de­giş­li mu­kad­des­lik­dir.
Ada­myň iň go­wy hä­si­ýet­le­ri­niň bi­ri ene-ata­sy­na bo­lan çäk­siz söý­gü­si­dir. Türk­men na­ky­lyn­da aý­dy­ly­şy ýa­ly, «Ataň bagt­ly bol­sa – Al­la­ta­ga­la be­re­ket be­rer, eneň bagt­ly bol­sa – py­gam­ber ýal­kar».
Dog­ru­çyl we ha­ky­ky adam bol­mak, borç­la­ry­ňy yh­las bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­mek, adam­la­ra he­ma­ýat et­mek, äh­di­ňe we­pa­ly bol­mak ýa­ly il­kin­ji wes­ýet­le­ri hem-de ne­si­hat­la­ry, öz top­ra­gy­ňa, onuň ta­ry­hy­na bo­lan söý­gi, wa­tan­sö­ýü­ji­lik, öz do­wa­ma­ty­ňa gö­rä he­re­ket et­mek­dir. Me­niň yn­san we sy­ýa­sat­çy hök­mün­de ke­ma­la gel­me­gi­me aý­ra­tyn tä­si­ri­ni ýe­ti­ren bu dü­şün­je­le­ri hem öz do­wa­ma­ty­ma siň­dir­mek­dir.
Hormatly Prezidentimiziň hem bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, ata-ba­ba­la­ry­myz maş­ga­la aý­ra­tyn mu­kad­des­lik hök­mün­de ga­rap, onuň aba­dan­çy­ly­gy­ny, ag­zy­bir­li­gi­ni äh­li zat­dan ýo­ka­ry tu­tup­dyr. Hä­zir­ki gün­le­ri­miz­de-de ogul öýe­rip, gyz çy­kar­jak bol­nan­da, gu­da bo­lun­jak ýe­riň maş­ga­la ag­zy­bir­li­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.
Ter­bi­ýä­niň düýp bin­ýa­dy, il­kin­ji no­bat­da, maş­ga­la­da go­ýul­ýar. Maş­ga­la oja­gy­nyň mu­kad­des­li­gi, we­pa­ly­lyk, ene-ata we ulu­la­ra hor­mat, sa­da­lyk, zäh­met­sö­ýer­lik ýa­ly hä­si­ýet­le­r öz göz­ba­şy­ny maş­ga­la­dan alyp gaýd­ýar. Ulu­la­ra hor­mat goý­mak, ki­çi­le­ri söý­mek maş­ga­la­da be­ril­ýän il­kin­ji ter­bi­ýe­le­riň bi­ridir. Hor­mat­dyr söý­gi bol­sa ag­zy­bir­li­giň il­kin­ji şert­le­ri.
Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly aja­ýyp ese­rin­de şeý­le di­ýil­ýär: «Öý-oja­gy­ny ag­zy­bir sak­la­ýan maş­ga­la­ba­şy döw­let­li adam ha­sap edil­ýär».
Eziz Di­ýa­ry­myz­da ýaş maş­ga­la­lar ha­kyn­da­ky ala­da döw­let de­re­je­sin­de uly üns be­ril­ýär. Hormatly Prezidentimiz ta­ra­pyn­dan ýaş maş­ga­la­la­ry gol­da­mak, maş­ga­la bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek ug­run­da yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýaş maş­ga­la­la­ra ýe­ňil­lik­li karz pul­la­ry­nyň, ýaş ça­ga­ly ene­le­re döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň be­ril­me­gi, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy mu­nuň aý­dyň my­sa­lydyr.

Ene ORAZ­BER­DI­ÝE­WA,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.