Amerikaly işewüri Ilon Mask, baýlygy 500 milliard dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy. Bu barada “Forbes” žurnaly habar berýär.
“Eger-de ol bu depgini dowam etdirse, 2033-nji ýylyň martyna çenli Mask dünýäde ilkinji trillioner bolup biler” diýip, “Forbes” belleýär.
Mask häzirki wagtda “Tesla” we “SpaceX” kompaniýalaryna ýolbaşçylyk edýär, şeýle-de “X” sosial ulgamyna we “Neuralink” neýrotehnologiýa kompaniýasyna eýelik edýär.