Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, talyp ýaşlaryň bilimini has-da çuňlaşdyrmak, olarda bilime we ylma bolan höwesi artdyrmak, özbaşdak işlemek ukyplaryny ösdürmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek, şeýle hem Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlarda degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2025-nji ýylyň 18-nji martynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly “Materiallaryň garşylygy” dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi.
Halkara olimpiadasy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Mämmedowyň gutlag sözi bilen açyldy.
Internet olimpiadasyna Azerbaýjandan, Awstraliýadan, Amerikanyň Birleşen ştatlaryndan, Belarusdan, Ermenistandan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Fiji Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Özbegistandan, Pakistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Rumyniýadan, Türkiýeden we Ugandadan hem-de ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinden, ýagny 18 döwletiň 117 sany ýokary okuw mekdebinden (şolaryň 95 sanysy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri) jemi 895 sany (şolaryň 665 sanysy daşary ýurtly gatnaşyjylar) talyp ýaşlar gatnaşdy.
Materiallaryň garşylygy dersi barada aýdylanda, döwrebap inžener-tehniki hünärmenleri kemala getirmekde hakykata akyl ýetirmek baradaky ylymlaryň esasylarynyň biri bolan materiallaryň garşylygy ylymyna uly orun degişlidir. Materiallaryň garşylygy durkuny üýtgedýän (deformirlenýän) gaty jisimleriň mehanikasynyň bir şahasydyr. Umumy tehniki ders bolmak bilen ol gurluşyk desgalarynyň, maşynlaryň we tehnologik enjamlaryň ýönekeý gurnawlaryny ýa-da gurnawlaryň böleklerini berklige, gatylyga hem-de durnuklylyga hasaplap çykarmagyň usullaryny öwredýär we geljekki inžener-tehniki hünärmenleri taýýarlamakda tehniki bilimleriň binýady bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Watana, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ýiti zehinli, döredijilik ukyply başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmagyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi zehinli talyplaryň ders we taslama bäsleşiklerine köpçülikleýin gatnaşmagyna mümkinçilik döredýär. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetiniň innowasion tehnologiýaly pudaklary üçin ylmy gözleglere ukyply, çylşyrymly meselelere özbaşdak çözgüt tapyp bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär.
Bilim almaga höwesiň, ylma bolan söýginiň netijesinde talyp ýaşlarymyz döwlet we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolup, eziz Watanymyzyň abraýyny belende göterýärler. Bu üstünlikler, Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny sazlaşykly ösdürmek baradaky tagallalarynyň aýdyň netijesidir.
“Materiallaryň garşylygy” dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasynyň geçirilmegi tejribe alyşmakda, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda we onuň gerimini giňeltmekde netijeli boldy.
Geçirilen olimpiada daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary emin agzalary hökmünde gatnaşdylar.
IV Açyk halkara internet olimpiadasynynyň geçirilmegi mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň alyp barýan ylmy-barlag, taslama işleriniň netijeleri boýunça taýýarlanan sergisi gurnaldy. Myhmanlar guralan sergi hem-de institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň taslama işleri bilen içgin tanyşdylar. Olaryň hatarynda institutyň mugallymlary tarapyndan şekil taslamasy taýýarlanan we Aşgabat şäherinde gurulmaga teklip edilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar we institutyň täze binasynyň 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda açylmagyna garaşylýar.
Nurgeldi Kulyýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Okuw bölüminiň başlygy.