Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy uly ösüşlere beslenýär. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirmek bilen, ulgamyň işini kämilleşdirmekde, döwrüň gazananlary esasynda ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýär, önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyna, maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýär, şonuň netijesinde pudagyň öňünde möhüm wezipeleri kesgitleýär. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny 2026-njy ýylda döwrebap derejede ösdürmek, tebigy gazyň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmak we ugurlaryny köpeltmek, nebit ýataklaryny netijeli özleşdirmek, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak,
«Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek ugrunda giň tagallalar edilýär.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmakda, öýleriň ýylylygyny we ojaklaryň berekedi bolan «mawy ýangyjyň» bökdençsiz eltilmegini üpjün etmekde degişli hünärmenler ýadawsyz zähmet çekýärler.
Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Ýurdumyzda «mawy ýangyjyň» diňe bir eksport edilmegi däl, eýsem, iň alys obalara çenli ýetirilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda müňlerçe kilometre uzaýan gaz geçirijiler we gaz paýlaýjy desgalar halkymyza hyzmat edýär. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, ýurdumyzda 76,5 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz öndürildi. Bu görkeziji diňe bir ykdysady durnuklylygy däl, eýsem, her bir maşgalanyň gyşyň sowuk günlerinde ýylylyk bilen doly üpjün ediljekdiginiň kepilidir.
Umuman aýdylanda, tebigy gaz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň binýady, ojaklaryň höziri we dünýä bazarynda uly islege eýe bolan gymmatly strategik baýlykdyr. Bu serişde ýurduň energetika howpsuzlygyny, durnukly ösüşini we halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýän ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmesidir.
Häzirki wagtda ýurdumyz dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly göni energiýa hyzmatdaşlygynyň gerimini düýpli giňeldýär. Şunda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli ýangyç-energetika toplumyna iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamlary işjeň ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.
Maral HOJAMYRADOWA,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
PDF









