Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 9-11-nji aprel aralygynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sanly ulgam arkaly matematika, himiýa, informatika derslerinden “moodle” platformasynda (https://ticit.edu.tm/) şahsy bäsleşik görnüşinde onlaýn internet olimpiadasy geçirildi. Olimpiada gatnaşmaga isleg bildiren ýurdumyzyň orta okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda himiýa dersinden etrap, welaýat we döwlet derejesinde geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolanlar hem hasaba alyndy.
Olimpiada gatnaşmaga isleg bildiren jemi 744 sany okuwçy hasaba alyndy. Uniwersitetde işlenip düzülen milli programma üpjünçiliginiň kömegi arkaly okuwçylaryň toplan ballary boýunça jemi 189 şahsy ýeňijiler kesgitlendi. Olar bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ikinji tapgyry uniwersitetde 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde sagat 10:00 da geçiriler.
PDF









