Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň ylym-bilime bolan höwesini artdyrmak, olaryň döwrebap tehnologiýalardan kämil baş çykarmagyny gazanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu maksat bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde umumybilim berýän orta mekdepleriň 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda informatika dersi boýunça döwlet derejesindäki olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi.
26-njy ýanwar – 7-nji fewral aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda geçirilen ders olimpiadasy sanly ulgamyň iň täze mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly alnyp baryldy. Bäsleşik üç tapgyrdan ybarat bolup, şahsy görnüşde boldy. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinden deslapky tapgyrlarda ýokary netije görkezen zehinli okuwçylar olimpiadanyň jemleýji tapgyryna gatnaşdylar.
Bu olimpiada her ýyl Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny we Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär. Olimpiadanyň geçirilmegi häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaşlary ýetişdirmäge, olaryň informatika dersi boýunça bilimlerini has-da artdyrmaga, orta mekdepler bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de mekdep okuwçylaryny hünär endiklerine ugrukdyrmaga ýardam berýär.
Ders olimpiadasynyň 1-nji we 2-nji tapgyrlaryndan jemleýji tapgyra emin agzalary tarapyndan 100 okuwçy saýlandy. Olimpiadada ýokary netije görkezip, ýeňiji bolan okuwçylara uniwersitetiň mejlisler zalynda I, II we III derejeli diplomlardyr medallar we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olardan, 11-nji synpa çenli okuwçylaryň arasynda 3 sany I orun, 6 sany II orun, 8 sany üçünji orun kesgitlendi. 12-nji synp okuwçylaryň arasynda 4 sany I orun, 6 sany II orun, 8 sany üçünji orun bellenildi.
Ýokary ruhubelentlikde geçirilen olimpiada geljekki programmaçylaryň we IT-hünärmenleriniň kemala gelmeginde möhüm ädim boldy.

Begenç Baýramow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.