Meksikanyň San-Pablo-Uitso munisipalitetinde Milli antropologiýa we taryh institutynyň (INAH) arheologlary sapotekleriň aramgähini tapdylar. Ol diýseň gowy, asyl durkundakysy ýaly saklanyp galypdyr we takmynan, b.e. 600-nji ýylyna degişlidir. Bu barada “Artdaily” neşiri habar berýär.
Aramgähiň girelgesini baýguşuň şekili şekillendirilen uly göwrümli relýef we sapotek hökümdarynyň reňkli, gyzyl suwagdan ýasalan keşbi bezeýär. Alymlaryň pikirine görä, bu keşp aramgähiň bagyşlanan kişisini aňladýan bolmagy mümkin. Şeýle-de girelgäniň gapdallarynda dabaraly başgaply erkek we zenan şekilleri oýulyp ýasalan uly sütünler ýerleşýär.
Guburyň içinde arheologlar senenama belgileri oýulan reňkli daşlardan ybarat frizi (diwar bezegini) we goragçylaryň şekilleri bolan gapy sütünlerini tapdylar. Aramgähiň diwarlary bolsa açyk reňkli köp öwüşginli freskalar bilen örtülendir. Onda dabaraly ýöriş şekillendirilipdir. Ýörişe gatnaşyjylar girelgä tarap atyr hökmünde ulanylýan agaç şepbigini – kopaly alyp barýarlar. Freskada sary (ohra), ak, ýaşyl, gyzyl we gök reňkleriň öwüşginleri bar.
Meksikanyň Prezidenti Klaudiýa Şeýnbaum bu tapyndyny “soňky on ýyllykda ýurtda ýüze çykarylan iň ähmiýetli arheologik açyş”diýip atlandyrdy. Ol bu aramgähiň sapotek halkynyň jemgyýetçilik gurluşy, ynançlary we rituallary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik berýändigini belledi.