6-njy sentýabrda Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda beýik türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan “Men özümi aýamadym hiç ýerde” atly sazly şahyrana spektaklyň premýerasy boldy. Ýurdumyzyň belli ýazyjy-şahyrlary, artistler, teatr muşdaklary, ýaşlar we halk köpçüligi täze spektaklyň ilkinji tomaşaçylary boldular. Gurbannazar Ezizowyň keşbini Daýanç Saryýew, şahyryň çagalyk keşbini bolsa, okuwçy Yslam Mämiýew ýerine ýetirdi. Sahna oýnunyň režissýory Mekan Jumabaýew, ssenarisi bolsa, Hydyr we Ylýas Amangeldiýewler tarapyndan ýazylypdyr.
Sahnada ýerine ýetirilen goşgular, ajaýyp tanslar we aýdym-sazlar Gurbannazaryň dünýäsine köp babatda aralaşmaga ýardam berdi. Artistleriň yhlasy tomaşaçylary biperwaý goýmady. Olaryň ussatlygy we işlerine çyn ýürekden söýgüsi netijesinde, ady rowaýata öwrülen şahsyýetiň keşbi zalda oturanlara göwnünden turdy. Tomaşaçylar artistler bilen bilelikde Gurbannazaryň çagalyk ýyllaryndan başlap, ömrüniň ahyryna çenli geçen durmuş ýoluna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.
Gurbannazar Ezizow heniz ýaşap ýörkä hem uly abraýa eýe bolup, öz döwrüniň görnükli şahyry hasaplanýardy. Ol hoşgylaw ynsan bolup, köp sanly dostlaryny gazanmagy başarypdy. Şahyryň döredijilik ylhamy özüniň gyz perzentleri bolupdyr. Onuň ömrüniň soňky ýyllaryndaky ýeke-täk arzuwy bolsa, ogul perzentdi. Ýöne şahyryň gursagyndaky bu arzuwy onuň panydan bakyýete göçüniň kyrkynjy güni amala aşýar. Şahyr 35 ýaşynda pajygaly ýagdaýda aradan çykýar.
Režissýor Mekan Jumabaýew sahna oýnunyň düýp özenini şu wakadan ugur alyp gurnapdyr. Şahyryň çagalyk ýyllarynda öýüň howlusynda tabyt ýasaýan molla atasy bilen kyblasynyň arasyndaky özara düşünişmezlik bolýar. Tabydyň öýe şumluk getirjekdigine berk ynanan kakasy ony döwüp zyňmagy ýüregine düwýär. Ýöne Gurbannazaryň ara girmegi bilen bu iş goýbolsun edilýär. Mundan başga-da, sahna oýnunda «Gijeki myhman» goşgusy hem esasy ýordum hökmünde ileri tutulýar. Şol myhman – Ezraýyl sahnada gara eşikli perişde däl-de, edara işgärine kybapdaş adaty bir ynsan hökmünde çykyş edýär. Sahna oýny şahyryň talyplyk ýyllary, goşun gullugyna çagyrylyşy, toýy we çagalaryna bolan söýgüsi we beýleki öwüşginler bilen dowam edýär.
Şahyryň teatr tomaşaçylaryň arasynda oturan ýoldaşlarynyň tankydy bellikleri has täsirli bolup, tomaşaçylar birbada sahna oýnunyň edil şol pursatyny hakyky waka hökmünde kabul etdiler. Gurbannazaryň şygyrlarynyň muşdaklar ony gussaly pikirlerden daşlaşdyrmaga jan edip, oňa goldaw berjek bolýarlar. Olaryň arasynda belli kompozitor Nury Halmämmedowyň, aýdymçy Atageldi Garyagdyýewiň, şahyrlar Kerim Gurbannepesow, Mämmet Seýidow dagynyň juwan keşbi göze ilýär.
– Şu günki hödürlenen oýny döretmek uly ussatlygy, aýratyn-da, Gurbannazaryň keşbini döretmek çynlakaý çemeleşmäni talap edýär. Sahna oýnunda onuň şahsyýeti, edebi mirasy, ilkinji nobatda, ykbaly ileri tutulýar. Şahyryň ömrüniň syrlaryna düşünmäge, döredijiligine we ykbalyna nazar aýlamaga çynlakaý synanyşyk edilmegi juda möhüm zat. Meň pikirimçe, spektaklda “Şahyr bolmak nämäni aňladýar?” diýen sowala jogap agtarylýar. Şahyr bolmak agyr iş. Bu – Watanyňa, ezizleriňe we döredijilige berlen adam bolmak diýmekdir. Şahyr bolmak, özüň bilen, ruhy ahwalatlaryň we joşgunyň bilen hemişelik darkaş gurmak diýmekdir. Gurbannazaryň durmuşynda hakykatdan hem, bagtly günler, ruhy taýdan galkynyşlar kän boldy, ýöne pajygaly ýagdaý sebäpli bu dünýäden ir gitdi. Gurbannazar Ezizow aramyzdan gidenine 50 ýyl boldy, ýöne onuň üçin möhüm bolan mowzuklar – Watana, ene-atasyna, gyz perzentlerine, döredijilige bolan söýgüsi – bularyň ählisi şu günki gün biziň üçin möhümdir we ýaşamagyny dowam eder – diýip, sahna oýnunyň ilkinji görkezilişine gatnaşan Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowa gürrüň berdi.
Ýeri gelende bellesek, Gurbannazar ýaşlaryň şahyry. Belki, şonuň üçindir premýerada ýaşlar, mekdep okuwçylary we orta ýaşly adamlar agdyklyk edýär. Spektaklyň, şahyrana duýgularynyň päkligi, özboluşly öwüşginleri, bu sahna oýnunyň ýakyn günlerde biziň teatr durmuşymyzy has-da baýlaşdyrýan sahna oýny boljakdygyna ynam döredýär.

Ýegenmämmet Taýlyýew, “Zaman-Türkmenistan”.