Täjigistanda “Obigarm-Nurabad” awtoulag ýolunyň gurluşyk taslamasynyň çäginde Merkezi Aziýada iň uzyn awtoulag köprüsiniň gurluşygy başlar. Taslama baradaky şertnama Täjigistanyň ulag ministri Azim Ibrohim we Hytaýyň “Zhejiang Communications Construction Group Co Ltd” (CCCC) kompaniýasynyň wekili Li Minkun gol çekdi.
Maglumatlara görä, awtoulag köprüsiniň uzynlygy 920 metr, giriş ýollary bilen 1500 metr bolar. Täjigistanyň ulag ministri Azim Ibrohim bu köpriniň Nurabad etrabynyň Surhob derýasynyň üstünden geçjekdigini we sebitdäki iň uly infrastruktura desgasyna öwrüljekdigini aýtdy. Taslama dört ýylyň içinde tamamlanar. Mundan başga-da, ministr bu taslamanyň ýurduň ykdysadyýeti üçin strategik ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy.
-Köpriniň gurluşygy ýokary hilli we bellenen möhletde tamamlanmalydyr, belki işler has ir tamamlanar – diýip, Ibrohim belledi.
4 ýylda tamamlanmagy meýilleşdirilýän taslamanyň umumy bahasynyň 427,5 million hytaý ýuany (takmynan 59,8 million ABŞ dollary) boljakdygy bellendi.
Li Minkunyň aýtmagyna görä, hytaý kompaniýasy birnäçe ýyl bäri Täjigistanda üstünlikli işleýär we ýollaryň we köprüleriň gurluşygynda baý tejribä eýe. Taslama Täjigistanyň ulag izolýasiýasyny ýeňip geçmek we ýurdy üstaşyr merkeze öwürmek baradaky strategik maksadynyň çäginde durmuşa geçirilýär.
“Zhejiang Communications Construction Group Co., Ltd” dünýäde has iri taslamalary amala aşyran kompaniýalaryň biri bolup, onuň amala aşyran işleriniň hatarynda 36 kilometr uzynlygyndaky Hançžou Beý aýlagynyň üstünden geçýän iň uzyn transumman köpri, şeýle-de Belgiýanyň Antwerpen portundaky dünýäniň iň uly derwezeli geçelgesi ýaly taslamalar bar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýada iň uzyn köpri hasaplanýan desga Gazagystanyň gündogarynda ýerleşýän we geçen ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga berlen Buhtarmin köprüsidir. Onuň uzynlygy 1316 metre deň.