22-23-nji maýda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa meseleleri boýunça merkeziniň (СAREС) guramagynda geçen Merkezi Aziýanyň parlamentara hyzmatdaşlygy platformasynyň Durnukly önümçiligi we sarp edişi ösdürmek üçin sirkulýar ykdysadyýet boýunça köptaraplaýyn maslahatyna we ilkinji dialogyna Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili gatnaşdy.
Durnukly önümçiligi we sarp edişi ösdürmegi ilerletmäge gönükdirilen bu sebitleýin duşuşygyň maksady sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmegiň strategiýalaryny we degişli kanunçylyk üpjünçiligi maslahatlaşmagy, bu ugurda parlament hyzmatdaşlygyny giňeltmegi öz içine alýar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili duşuşykda çykyş etmek bilen, ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan işleri, oňyn başlangyçlary barada aýtdy.