Italiýanyň Medeniýet ministrligi meşhur suratkeş Karawajonyň çeken suratyny 30 million ýewro töläp satyn aldy. Kartinada geljekde Papa bolmagyna garaşylýan ýaş ruhany Maffeo Barberini suratlandyrylýar. Ýurduň medeniýet ministri Alessandro Juli naýbaşy eseri almak üçin bir ýyldan gowrak wagt gepleşikleriň geçirilendigini mälim etdi. Juli suratyň satyn alynmagynyň milli medeni mirasy ösdürmek maksady bilen amala aşyrylýan taslamanyň bir bölegidigini mälim etdi. Kartinanyň Rimdäki Barberini köşgündäki Milli gadymy eserler galereýasynda köpçülige görkeziljekdigi mälim edildi.
XVI-XVII asyrlarda ýaşap geçen meşhur italýan suratkeşi Mikelanjelo Merizi da Karawajo barrok döwrüne degişli eserleri döretdi. Maffeo Barberininiň bolsa, 1598-nji ýylda çekilendigi aýdylýar. Suratda Barberini elinde düýrlenen hatly, kellesi başgaply we egni ýapynjaly edip görkezilipdir.
Mikelanjelo suratlarynda ýagtylygy we kölegäni köp ulanýar. Maffeo Barberini hem şeýle suratlaryň biri hasaplanýar.
Arslan Atarow,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.
PDF









