Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-iň öňdebaryjy klublaryndan “Lion” topary maliýe ýagdaýlar sebäpli aşaky liga “Ligue 2”-ä düşürildi. Fransiýa futbolynyň maliýe seljeriş edarasy DNCG 500 million ýewro golaý bergisi bolan kluby wagtlaýynça 2-nji liga ugratdy. Şol bir wagtyň özünde kluba hiç bir futbolçyny transfer hem edip bilmez. “Lion” toparynyň 7 günüň dowamynda DNCG-niň gelen bu kararyna öz nägileligini bildirip, ony ýokary suda arz etmek mümkinçiligi bar.
“Lion” topary 2000-nji ýyllaryň başynda Fransiýanyň çempionatynda yzly-yzyna 7 gezek çempionlyk gazanypdy. Ol Ýewropanyň TOP 5 çempionatynda yzly-yzyna iň köp çempionlyk gazanan ilkinji topary bolup, “Lionyň” Fransiýanyň Kubogy ýaryşynda-da 5 ýeňşi bar.
Geçen möwsümde Ýewropa Ligasynda çärýek finala çenli gelen “Lion” topary çempionaty 6-njy orunda tamamlady. “Lion” 1989/90 möwsüminden bäri yzygiderli ýagdaýda “Ligue 1”-de çykyş edip gelýärdi. Ol “Ligue 2”-de 3 gezek çempionlyk gazandy.