Rumyniýanyň dünýä belli futbol hünärmeni, meşhur tälimçi Mirçea Luçesku 80 ýaşynda aradan çykdy. 1945-nji ýylyň 29-njy iýulynda Rumyniýanyň paýtagty Buharestde dünýä inen Luçesku 1963-1977-nji ýylda “Dinamo” toparynda ýarymgoragçynyň ornunda oýnaýar. Paýtagtyň bu kluby bilen 7 gezek çempionlyk gazanan Luçesku Rumyniýanyň çempionatynda iň köp altyn medala mynasyp bolan futbolçylaryň biridir. Belli bir döwürde paýtagtyň başga bir topary “Sportul Studensesk” (1965-1967) klubunda 2-nji ligada kärendesine hem çykyş eden Luçesku 1977-nji ýylda Hunedoara şäheriniň “Korwinul” toparyna transfer bolup, bu ýerde 1982-nji ýyla çenli 5 möwsüm oýnaýar. Ol futbolçy hökmünde klublarda 416 oýunda 93 gol geçirýär. Luçesku Rumyniýanyň milli ýygyndysy bilenem 64 oýunda 9 gezek tapawutlanýar.

1981-nji ýylda tälimçilige baş goşup, tutuş dünýäde özüne uly şöhrat getirjek ýola girýär. Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň tälimçiligine bellenen Luçesku 5 ýyllap bu wezipede işleýär. Soňra 12 ýyl köýnekçesini geýen toparynyň – “Dinamo Buharestiň” tälimçisi bolýar. Bu klubda 5 ýyl işlän Luçesku 1989/90 möwsüminde ýurduň çempionlygyny gazandyrýar. Soňra ugruny Italiýa gönükdiren Luçesku bu ýurtda “Pisa”, “Breşiýa”, “Rejjana” klublaryna tälim berýär. “Breşiýada” “Serie B”-niň çempionlygyny gazanýar. Buharestiň “Rapid” toparynyň tälimçisi bolan Luçesku 1998-nji ýylyň dekabrynda Italiýanyň “Inter” toparynyň tälimçiligine bellenýär. Şowsuz netijelerden soň 1999-njy ýylyň martynda ýene-de “Rapide” dolanýar. “Rapiddäki” 2-nji başdangeçirmesinde ýurduň çempionlygyny we Super Kubogyny gazanýar. 2000-nji ýylda türk kluby “Galatasaraýyň” tälimçisi bolan Luçesku stambullylara ilki UEFA Super Kubogyny, soňra milli ligada çempionlyk gazandyrýar. 2002-nji ýylda Stambulyň başga bir topary “Beşiktaşa” tälim berip başlan Luçesku bu türk klubuny hem “Süper Ligiň” çempiony edýär. 2004-nji ýylda Ukrainanyň “Şahtýor” topary bilen şertnama baglaşyp, 12 ýyllap donesklileri türgenleşdirýär. 573 oýunda 395 ýeňiş gazanyp (90 deňlik, 88 ýeňliş), Ukrainanyň çempionatynda 8 gezek çempionlyga mynasyp bolýar. “Şahtýor” onuň tälimçiliginde Ukrainanyň Kubogyny 6, Ukrainanyň Super Kubogyny 7 gezek gazanyp, 2008/09 möwsüminde bolsa UEFA Kubogyny (häzirki UEFA Ýewropa Ligasy) hem eýeleýär. 2016/17 möwsüminde Russiýanyň “Zenit” toparynyň tälimçisi bolan Luçesku 2017-nji ýylyň awgustyndan 2019-njy ýylyň fewralyna çenli Türkiýäniň milli toparyny türgenleşdirýär. 2020-2023-nji ýyllar aralygynda täzeden Ukraina dolanyp, bu gezek “Şahtýoryň” esasy bäsdeşi “Dinamo Kiýewiň” tälimçisi bolýar. Kiýewlilere ýurduň 3 esasy kubogyny-da (çempionlyk, kubok ýaryşy, Super Kubok) gazandyrýar. 2024-nji ýylda 43 ýyldan soň 2-nji gezek Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi bolan Luçesku tälimçilikdäki soňky duşuşygyny Türkiýäniň ýygyndysy bilen geçirýär. Fewral aýynda-da keselhana düşen Luçesku soňky duşuşygyndan 2 gün soň ýene-de hassahana getirilýär. 7-nji aprelde-de tälimçiniň aradan çykandygy resmi ýagdaýda mälim edilýär.

Tälimçilik karýerasy boýunça 1544 duşuşyk geçiren Luçesku 919 oýunda ýeňiş gazanýar (311 ýeňliş). Tälimçiliginde 38 kubogy asmana göteren Luçesku bu ugurda Aleks Ferguson hem-de Pep Guardioladan soň 3-nji orny eýeleýär. Futbolçylaryna uniwersitetde okamagy ündeýän Luçesku agşamlaryna teatra gitmegiň ýa-da kitap okamagyň has peýdalydygyny hemişe sargyt edýärdi. Ene dilinden başga iňlis, portugal, italýan, ispan, fransuz hem-de rus dillerini bilýän Luçeskunyň ogly Razwan hem kakasy ýaly futbol oýnan we häzirki wagtda-da tälimçilik edýär. Ol Gresiýanyň PAOK toparyny türgenleşdirýär. Luçesku aglaba gorag futbolyny oýnadyp, ol taktiki oýnuň ussady hasaplanýardy. Ukrainada we Rumyniýada ençeme gezek ýylyň tälimçisi saýlanan Luçesku Çempionlar Ligasynda 100 duşuşyk geçiren 5-nji tälimçidir.