Meşhur türk taryhçysy, professor Ilber Ortaýly 13-nji martda 78 ýaşynda aradan çykdy. 1947-nji ýylda Awstriýada dünýä inen Ortaýlynyň maşgalasy 1949-njy ýylda Stambula göçýär. Nemes dilli mekdepde orta bilim alan Ortaýly ýokary okuw mekdebinde rus dili mugallymy bolan ejesinden rusça öwrenýär. Wena, Berlin, Pariž, Prinston, Moskwa ýaly iri şäherlerdäki ýokary okuw mekdeplerinde işleýär. Nemes we rus dilleri bilen bir hatarda akademik derejede fransuz, iňlis, italýan we pars dillerini bilýärdi.