Hepdäniň ýekşenbe güni super ýyldyz Lionel Messiniň Barselona günleri, katalonlardaky başdan geçirmesi resmi ýagdaýda tamamlandy. PSŽ bilen 2+1 ýyllyk şertnama baglaşan Messiniň Le Parisien gazetiniň habaryna görä, ýyllyk takyk aýlygy 41 million ýewro bolar. Goşmaçalar bilen bir hatarda Messi PSŽ-den ilkinji iki ýylynda 120 million ýewrodan köp hak alar. Neýmaryň 10-njy belgili köýnekçesinden ýüz öwrüp, özüniň karýerasyndaky ilkinji belgili köýnekçesini, ýagny 30-njy belgini saýlan Messi PSŽ-de eýýäm goýdy. PSŽ-li tarapdarlar Messiniň 30-njy belgili bahasy 108 ýewro deň bolan köýnekçesiniň müňlerçesini 20 minutda satyn alyp tüketdiler. Bu barada Daily Star gazeti habar berýär.