Fransiýanyň PSŽ toparynyň argentinaly super ýyldyzy Lionel Messi dünýäniň iň uly janköýer aragatnaşyk blokçeýn-platformasy Socios.com-yň global brend wekili boldy. 20 million dollara üç ýyllyk şertnama baglaşan Messi kompaniýanyň birnäçe kampaniýasyna işjeň gatnaşar. Esasan hem bilim bilen baglanyşykly we şol sanda tanyşdyryş kampaniýalarynda orun alar. Eýýäm kompaniýa ýyldyz futbolçy bilen ilkinji kampaniýasynyň şygaryny hem taýýarlady – “Be more than a fan” (Janköýerlik bilen çäklenme).

Messi özüniň wekil bolmagy bilen baglanyşykly: “Ilkinji professional duşuşygymdan bäri janköýerleriň hyjuwy, elimden gelýän zadyň iň gowusyny etmegim üçin meniň hemişe ylham çeşmäm boldy. Janköýerler toparlaryna goldawlarynyň bilinmegini, eý görýän klublaryna öz oňyn täsirlerini ýetirmek üçin şeýle pursatlara laýyk. Socios.com janköýerleriň tejribesini artdyrmak, olaryň diňe bir janköýerlik bilen çäklenmeli däldigini ýüze çykarmak üçin hereket eder. Socios.com-yň dünýäniň çar tarapyndaky janköýerler üçin has güýçli aragatnaşyk we olary sylaglandyryjy bir gelejege alyp gitmek meýilnamasynyň bir agzasy bolmak meni diýseň begendirýär” diýip, çykyş etdi.

Socios.com-yň ýolbaşçysy Aleksandr Dreýfus bolsa Messiniň özleriniň hataryna goşulmagyna örän şatdygyny aýdyp, ol: “Lionel Messi ýaly diňe bir nesilde duş gelýän aýratyn ukyplylar, owadan oýny janköýerler üçin has-da goşmaça özboluşly hala öwürýär. Socios.com bilen biziň etmek isleýän iň esasy zadymyz dünýäniň niresinde bolsa-da, janköýerleriň goldawlarynyň gymmatlydygyny, möhümdigini we özboluşlydygyny duýmaklaryna ýardam bermek. Dünýäniň islendik künjegindäki janköýerler üçin bilelikde has jebis, has tolgundyryjy hem-de sylaglandyjy gelejegi döretmegä sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Soňky birnäçe ýylda käbir öňegidişlikler boldy. Lionel Messi bilen bilelikde köp zadyň mümkin bolýandygyna janköýerler göz ýetirýändi” diýip, ýyldyz oýunçynyň öwgüsini ýetirdi hem-de geljekki maksatlary barada gürrüň berdi.