Toparçadaky duşuşyklary anna güni tamamlanjak FIFA Klublar Dünýä Kubogynda 1/8 finalyň oýunlaryna şenbe güni badalga berler. Häzirki wagtda 1/8 finalda oýnaljak 8 duşuşygyň deň ýarysynyň bijeleri belli bolup, galan 4-si öňümizdäki 2 günüň netijesinde kesgitlener. Häzirki wagtda belli bolan oýunlara seretsek, 1/8 finalda 2 brazil kluby – “Palmeiras” bilen “Botafogo”, super ýyldyz Lionel Messiniň öňki we şu wagtky kluby PSŽ bilen “Inter Maýami” toparlary çärýek finala çykmak üçin özara göreşerler.
Şeýle-de, Ýewropanyň 2 wekili “Benfika” bilen “Çelsi” hem-de “Flamengo” bilen “Bawariýa” duşuşar.
“Palmeiras” – “Botafogo” duşuşygy 28-nji iýunda, şenbe güni 21:00-da başlansa, 29-njy iýuna geçilýän gije, ýarygijeden soň, 01:00-da “Benfika” bilen “Çelsi” toparlary meýdança çykarlar.
29-njy iýunda 21:00-da start aljak PSŽ bilen “Inter Maýaminiň” arasyndaky duşuşyga futbol janköýerleri sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Şol agşam ýarygijeden soň, ýagny 30-njy iýunda duşenbe gününde 01:00:-da başlanjak oýunda “Flamengo” bilenem “Bawariýa” toparlary özara güýç synanyşarlar.
1/8 finalyň ilkinji 4 duşuşygy:
28-nji iýun (şenbe): Palmeiras – Botafogo (21:00)
29-njy iýun (ýekşenbe): Benfika – Çelsi (01:00)
29-njy iýun (ýekşenbe): PSŽ – Inter Maýami (21:00)
30-njy iýun (duşenbe): Flamengo – Bawariýa (01:00)