ABŞ-nyň çempionatynda çykyş edýän super ýyldyz Lionel Messi taryhy statistika ýetdi. Ol Konkakaf Çempionlar Kubogy ýaryşynyň çäginde “Inter Maýaminiň” öz meýdançasynda “Neşwill” bilen 1-1 deňme-deň oýnan duşuşygynda 7-nji minutda hasaby açdy. Duşuşygyň 74-nji minutynda bolsa “Neşwill” toparynyň argentinaly oýunçysy Kristian Espinoza hasaby deňledi. Duşuşyk 1-1 hasabynda tamamlandy. 1/8 finalyň çägindäki bu oýnuň 1-nji duşuşygynda hasap açylmandy. Netijede, 2 oýnuň jemi boýunça “Inter Maýami” ýaryşdan çykdy. Başgaça aýdylanda, Messiniň 900-nji goly indiki tapgyra çykmak üçin ýeterlik bolmady.
Messi şu wagta çenli “Barselonada” 672, PSŽ-de 32, häzirki kluby “Inter Maýamide” 81 hem-de Argentinanyň milli ýygyndysynda 115 gol geçirdi.
38 ýaşyndaky Lionel Messi täze möwsümde MLS-de 4 oýunda 3 gol geçirdi.
PDF









