Häzirki wagtda dünýäniň iň baý klublarynyň biri hasaplanýan Mançester Ýunaýted topary norwegiýaly tälimçisi Ole Gunnar Solskaýeri alnan şowsuz netijelerden soň wezipesinden boşatdy. Klub onuň ornuna tälimçi gözleýär. Dürli ýurtlaryň metbugatynda Zinedin Zidan, Brendan Rojers, Erik Ten Haag hem-de Maurisio Poçettino ýaly tälimçileriň atlary agzalar. Şol tälimçileriň biri bolan Poçettinonyň häzirki wagtda PSŽ toparyna tälim berýändigine garamazdan, onuň Premier Liga dolanmaga taýýardygy aýdylýar. Aslynda Ýunaýted ozaldan Poçettinony isleýärdi. Ýöne Solskaýeriň dowam etmeginden soň, ol PSŽ bilen şertnama baglaşdy. Myş-myşlara görä, Poçettino bilen Ýunaýtediň rowaýaty tälimçisi Ser Aleks Ferguson bilen arasy gowy. Şol nukdaýnazardan, şol sanda Poçettinonyň Premier Liga bolan yhlasyndan çen tutsak, argentinaly hünärmeniň Ýunaýted bilen şertnama baglaşmagy-da mümkin. Bu bolsa başgaça aýdylanda, Poçettinonyň dünýäniň 2 super ýyldyzyndan biriniň tälimçiligini taşlap, beýlekisiniň tälimçisi bolar diýmekdir. Ýagny watandaşy Lionel Messiniň ýanyndan gaýdyp, portugaliýaly Kristiano Ronaldonyň täze tälimçisi bolup biler.