Her ýy­lyň 7-nji ap­re­lin­de Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­niň baý­ram edil­me­gi türk­men hal­ky üçin bol­şy ýa­ly, tu­tuş adam­zat üçin hem şan­ly wa­ka­dyr. Şu ýy­lyň 7-nji ap­re­lin­de Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy 75 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi­ni bel­le­ýär. 1948-nji ýyl­da dün­ýä ýurt­la­ry­nyň umu­my baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça dö­re­di­len bu gu­ra­ma adam­la­ryň sag­ly­gy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, dün­ýä­de howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne hem-de her bir ada­myň ni­re­de­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, sag­ly­gyň we ro­waç­ly­gyň iň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­li­gi­niň bol­ma­gy üçin ila­tyň he­ma­ýa­ta mä­täç to­par­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ne hyz­mat et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
BSGG-niň şu ýu­bi­le­ýi soň­ky 75 ýyl­da adam­la­ryň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­ren üs­tün­lik­le­ri ýat­la­ma­ga esas bo­lup dur­ýar. Şeý­le hem bu wa­ka şu ýyl­da hä­zir­ki we er­tir­ki gü­nüň mö­hüm sag­lyk me­se­le­le­ri­ni çöz­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ra iter­gi ber­mä­ge müm­kin­çi­lik­dir. 2023-nji ýy­lyň 7-nji ap­re­li “Sag­lyk hem­me­ler üçin” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýär. Şun­da Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny nyg­ta­mak ze­rur­dyr. Bu ugur­lar Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­niň döw­let­le­ri we ab­raý­ly hal­ka­ra dü­züm­ler bi­len sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar:
— Sag­lyk hem­me­ler üçin. Mu­nuň özi gap­ma-gar­şy­lyk­syz, pa­ra­hat, aba­dan we dur­nuk­ly dün­ýä­de ýa­şa­ýan her bir ada­myň berk jan sag­ly­gy we do­ly de­re­je­li dur­mu­şy.
— Sag­ly­ga bo­lan hu­kuk ada­myň esa­sy hu­kuk­la­ry­nyň bi­ri­dir.
— Sag­ly­gy go­raý­şyň hyz­mat­la­ry­na, ma­li­ýe taý­dan go­rag­ly­ly­ga äh­lu­mu­my el­ýe­ter­li­li­giň üp­jün edil­me­gi we maş­ga­la­nyň hem-de jem­gy­ýe­tiň ro­waç­ly­gy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy.
Türk­me­nis­tan 1992-nji ýyl­dan bä­ri Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň ag­za­sy bo­lup dur­ýar. Bi­le­lik­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň 31 ýy­ly­nyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­nyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len ägirt uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy. Sag­ly­ga bo­lan hu­kuk adam hu­kuk­la­ry­nyň esa­sy­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, her bir ada­myň mad­dy kyn­çy­lyk­la­ry çek­mez­den, sag­ly­gy go­ra­ýyş hyz­mat­la­ry­na el­ýe­ter­li­li­gi­niň bol­ma­gy­ny aň­lad­ýar. Bu ýö­rel­ge Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­syn­dan ugur al­nyp, ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mek, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça uly iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça döw­re­bap sag­lyk eda­ra­la­ry­nyň uly ul­ga­my — “Ene mäh­ri” we Gaý­ra­go­ýul­ma­syz “Tiz kö­mek” mer­kez­le­ri, kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­lar, şy­pa­ha­na­lar, der­man se­na­ga­ty kär­ha­na­la­ry dö­re­dil­di. Ila­tyň sag­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, in­no­wa­si­on usul­lar bi­len ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, anyk­la­mak we be­jer­mek, ada­myň ömür do­wam­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­na el­ýe­ter­li­li­gi üp­jün et­mek üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­di.
Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy we BMG-niň dü­züm bir­lik­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň köp­ýyl­lyk oňyn tej­ri­be­si mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça en­çe­me bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň we mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy go­raý­şy­ny üp­jün et­mek­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri üçin dra­kun­kul­ýo­zyň, po­lio­mie­li­tiň, gyz­zyr­ma­nyň, gy­za­myk we gy­zyl­ja ýa­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň do­ly so­ňu­na çy­ky­lan­dy­gy, du­zuň ýod­laş­dy­ry­lan­dy­gy, unuň de­mir we fo­liý tur­şu­sy bi­len baý­laş­dy­ry­lan­dy­gy ba­ra­da ýur­du­my­za hal­ka­ra gü­wä­na­ma­lar­dyr şa­ha­dat­na­ma­lar gow­şu­ryl­dy.
BSGG ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak me­se­le­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň eýe­le­ýän or­nu­ny gol­da­ýar, ça­ga­la­ryň hem-de ýet­gin­jek­le­riň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça mil­li stra­te­gi­ýa­la­ry we he­re­ket­le­riň me­ýil­na­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak­da gol­daw ber­ýär. Hyz­mat­daş­lyk ýyl­la­ry­nyň do­wa­myn­da BSGG-niň Ýew­ro­pa se­bi­ti bo­ýun­ça eda­ra­sy Türk­me­nis­ta­ny BSGG-niň Ýew­ro­pa se­bi­ti bo­ýun­ça eda­ra­sy­nyň Se­bit ko­mi­te­ti­niň he­mi­şe­lik ko­mi­te­ti­niň dü­zü­mi­ne iki ge­zek saý­lap, Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra de­re­je­de öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­ýar.
BSGG we Türk­me­nis­tan 2035-nji ýy­la çen­li in­çe­ke­se­liň dün­ýä­de ýaý­ra­ma­gy­ny ýok et­mek mak­sa­dy bi­len, in­çe­ke­se­le gar­şy gö­reş­mek­de üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň bar­lag­ha­na gul­lu­gy­nyň kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da hyz­mat­daş­lyk iş­jeň­leş­di­ril­di. Onuň çäk­le­rin­de ýo­kanç ke­sel­le­re gö­zeg­çi­lik güýç­len­di­ril­di we ola­ryň ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça çä­re­ler or­naş­dy­ryl­dy. Ýo­kanç ke­sel­le­re in­teg­rir­le­nen epi­de­mio­lo­gik gö­zeg­çi­lik bo­ýun­ça Mil­li kon­sep­si­ýa, Mil­li im­mun öňü­ni alyş mak­sat­na­ma­sy mu­nuň aý­dyň my­sal­la­ry­dyr. BSGG-niň gol­daw ber­me­gin­de ýur­du­my­zyň ýa­ba­ny po­lio­wi­rus­la­ryň do­la­ny­şy­gyn­dan azat çäk hök­mün­de de­re­je­si­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len dür­li çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Ýo­ka­ry de­re­je­de yla­la­şy­lan bi­le­lik­dä­ki baş­lan­gyç­lar, ýag­ny Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň ko­ro­na­wi­ru­syň ge­no­my­ny öw­ren­mek bo­ýun­ça Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­na Türk­me­nis­ta­nyň gat­naş­ma­gy­na gol­daw ber­mek bo­ýun­ça baş­lan­gyç­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Wi­rus­la­ryň, şol san­da grip we SARS-CoV-2 wi­ru­sy­ny öw­ren­mek ul­ga­myn­da mil­li kuw­wat pug­ta­lan­dy­ryl­dy. 2023-nji ýy­lyň few­ral aýyn­da wi­ru­so­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da mil­li bar­lag­ha­na hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan grip wi­ru­sy­nyň 10 gör­nü­şi­niň ge­no­my öw­re­nil­di, al­nan mag­lu­mat­lar Grip ba­ra­da­ky äh­li mag­lu­mat­la­ry alyş­mak bo­ýun­ça äh­lu­mu­my baş­lan­gy­jyň (GI­SA­ID) meý­dan­ça­sy­na ug­ra­dyl­dy. 2022-nji ýy­lyň 4-nji iýu­lyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry üçin “Bi­te­wi sag­lyk” kon­sep­si­ýa­sy­ny iler­let­mek bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki se­bit­le­ýin kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Türk­me­nis­tan­da ýo­kanç däl ke­sel­le­re gar­şy gö­reş­mek ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri bo­lup, ol 2030-njy ýy­la çen­li äh­lu­mu­my ösüş Gün ter­ti­bi­niň we Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. BSGG-niň 2019-njy ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len “Wa­da­la­ry ber­jaý et­me­giň döw­ri: Ýew­ro­pa­da dur­nuk­ly ösüş ba­bat­da mak­sat­la­ra ýet­mek üçin ýo­kanç däl ke­sel­le­re gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­le­ri çöz­mek” at­ly ýo­ka­ry de­re­je­li ikin­ji Ýew­ro­pa mas­la­ha­ty ýo­kanç däl ke­sel­ler bo­ýun­ça BMG-niň ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­ha­tyn­da ka­bul edi­len borç­na­ma­la­ry, şeý­le hem ola­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de ýurt­la­ra gol­daw ber­mek bo­ýun­ça çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iter­gi ber­di. 2024-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan ýo­kanç däl ke­sel­ler bo­ýun­ça Aş­ga­bat Jar­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi­niň 10 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li, ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ra gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li üçün­ji mas­la­ha­ty ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Mu­nuň özi öňü­ni al­mak hem-de ýo­kanç däl ke­sel­le­re gö­zeg­çi­lik et­mek ar­ka­ly sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni gol­da­ma­ga we pug­ta­lan­dyr­ma­ga Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­sy taý­dan yg­rar­ly­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär.
Bu ugur­da mil­li de­re­je­dä­ki ta­gal­la­la­ryň, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ne fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si, il­kin­ji no­bat­da, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy hem-de onuň Ýew­ro­pa se­bit býu­ro­sy ta­ra­pyn­dan ýo­ka­ry ba­ha ber­lip, BSGG-niň Baş di­rek­to­ry Ted­ros Geb­re­ýe­su­syň adyn­dan ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga ýur­duň goş­ýan go­şan­dy üçin Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­niň şa­ha­dat­na­ma­sy gow­şu­ryl­dy.
Ka­bul edi­len “Sag­dyn ene — sag­dyn ça­ga — sag­dyn gel­jek” at­ly mil­li stra­te­gi­ýa, Türk­me­nis­tan­da ila­tyň ke­sel­le­re gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça Mil­li mak­sat­na­ma, ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we gar­şy­sy­na gö­reş­mek bo­ýun­ça 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li stra­te­gi­ýa, Türk­me­nis­ta­ny tem­mä­ki­den azat ýur­da öwür­mek bo­ýun­ça 2022 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň işi­ni ep-es­li de­re­je­de iş­jeň­leş­dir­di. Köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň, Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Il­kin­ji luk­man­çy­lyk-aras­sa­çy­lyk kö­me­gi­niň be­ril­me­gi­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga, ila­tyň gol­da­wa mä­täç gat­lak­la­ry­ny göz öňün­de tu­tup, esa­sy luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len hem-de ada­lat­ly­lyk, gen­der deň­li­gi, adam hu­kuk­la­ry­ny ber­jaý et­mek ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan mil­li mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ri­lip, is­len­dik ýaş­da­ky äh­li ada­myň sag­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy pug­ta­lan­dy­ryl­ýar.
Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da hä­zir­ki za­man dü­züm­le­ri dö­re­dil­di. Paý­tag­ty­myz­da hem-de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri, ýö­ri­te­leş­di­ri­len has­sa­ha­na­lar, şy­pa­ha­na­lar gur­lup, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy. Şo­nuň esa­syn­da dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän öň­de­ba­ry­jy sport-sa­gal­dyş dü­züm­le­ri­niň dö­re­dil­me­gin­de uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­dy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň işi ene­lik we ça­ga­lyk ba­bat­da ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Bu­la­ryň äh­li­si mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak­da, türk­men jem­gy­ýe­ti­niň we döw­le­ti­niň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lan her bir ada­myň dur­muş de­re­je­si­ni, aba­dan­çy­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­da ga­za­nyl­ýan oňyn ne­ti­je­ler­dir.
Döw­let býu­je­ti­niň köp bö­le­gi dur­muş ul­ga­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge, şol san­da sag­ly­gy go­ra­ýyş we bi­lim ul­ga­my­ny öz­gert­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
2020-nji ýyl­da tä­ze gör­nüş­li ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­nyň pan­de­mi­ýa­sy­nyň ýaý­ra­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da we soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da BSGG, BMG-niň dü­züm bir­lik­le­ri ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­na gol­daw be­ril­di. COVID-19-a gar­şy taý­ýar­ly­gy we oňa de­giş­li tä­si­ri üp­jün et­mek bo­ýun­ça BSGG-niň stra­te­gik me­ýil­na­ma­sy­nyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­niň bin­ýa­dyn­da ýurt­da COVID-19-yň öňü­ni al­mak, be­jer­mek, anyk­la­mak we san­jym et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly COVID-19 bo­ýun­ça BSGG-niň iş­le­ri­niň esa­sy ugur­la­ry­na ün­si jem­le­nen ýi­ti ýo­kanç ke­se­le gar­şy Türk­me­nis­ta­nyň taý­ýar­ly­gy­ny üp­jün et­mek we oňa gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki me­ýil­na­ma tas­syk­la­nyl­dy hem-de üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Bu mak­sat­na­ma­la­ýyn öz­gert­me­ler Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin ne­ti­je­li iter­gi bol­mak bi­len, sag­ly­gy go­ra­ýyş ba­bat­da gel­jek­ki hyz­mat­daş­ly­gyň bin­ýa­dy­ny goý­ýar.
Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nün­de Türk­me­nis­tan BSGG-niň işi­ni do­ly gol­da­ýan­dy­gy­ny no­bat­da­ky ge­zek be­ýan ed­ýär. Yh­las­ly we hü­när de­re­je­sin­dä­ki iş­le­ri üçin gu­ra­ma­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na hem-de iş­gär­le­ri­ne ho­şal­lyk bil­dir­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy bi­len mun­dan beý­läk-de hyz­mat­daş­lyk eder we oňa he­mi­şe äh­li­ta­rap­la­ýyn kö­mek ber­mä­ge taý­ýar­dyr.
Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi.