Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 25-nji tapgyryň açylyş duşuşygynda “Milan” myhmançylykda “Pisa” toparyny kynlyk bilenem bolsa ýeňmegi başardy. 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Milanyň” gollaryny 39-njy minutda Loftus-Çik hem-de 85-nji minutda Luka Modriç derwezä girizdi. Ýer eýeleriniň ýeke-täk goluny 71-nji minutda Loýola öz adyna ýazdyrdy. Oýnuň 56-njy minutynda “Milanda” hüjümçi Niklas Füllkrug penalti urgusyny dürs urup bilmedi. Şeýle-de, 90+1-nji minutda “Milanyň” fransuz ýarymgoragçysy Adrien Rabio yzly-yzyna 2 sary kart alyp, meýdançadan çykaryldy. Şunlukda, “Milan” topary çempionatda 24 oýundan bäri ýeňilmän gelýär we sanawyň lideri “Interden” 5 utuk yzda 2-nji orunda barýar. “Opta”-nyň maglumatlaryna görä, Luka Modriç (40 ýaş 157 gün) “Serie A”-da gol geçiren iň ýaşuly 3-nji futbolçy hökmünde hasaba alyndy. (Zlatan Ibrahimowiç – 41 ýaş 166 gün, Alessandro Kostakurta – 41 ýaş 25 gün).

“Pisa” topary çempionatda 25 oýunda 1 gezek ýeňiş gazandy. 11-nji tapgyrda “Kremonezeni” 1-0 hasabynda ýeňen “Pisa” toparyna 14 oýundan bäri ýeňiş gazanmak başardanok. Toparyň 12 deňligi, 12 ýeňlişi bar we 19-njy orunda ýaryşy dowam edýär.

25-nji tapgyrda 2 uly duşuşyk

“Serie A”-da 25-nji tapgyryň çäginde geçiriljek duşuşyklaryň ikisi köpleriň ünsüni özüne çekýär. Şu gije Italiýa derbisinde “Inter” öz meýdançasynda “Ýuwentusy” kabul eder (00:45). Şol sanda “Napoli” hem öz meýdançasynda “Roma” bilen duşuşar. Bu duşuşyk 15-nji fewralda ýarygijeden soň başlanar (00:45).