Çep gyraky goragçysy Teo Hernandesi “Al Hilal” toparyna ugradan Italiýanyň “Milan” topary onuň ornuna kolumbiýaly Perwis Estupinýany transfer etdi. Italýan kluby bu transfer üçin iňlisliň “Braýton” toparyna 17+3 million ýewro berer. “Milan” 27 ýaşyndaky çep gyraky goragçy bilen 5 ýyllyk ylalaşyk gazandy. Ýurdunyň “LDU Kuito” toparynda futbola başlan Estupinýan “Braýtondan” öň Ispaniýanyň “Granada”, “Almeriýa”, “Malýorka”, “Osasuna”, “Wilýarreal” klublarynyň köýnekçesini geýdi. Ol Kolumbiýanyň ýygyndysynda-da 48 oýunda 4 goly öz adyna ýazdyrdy. Estupinýan “Milanda” 2-nji belgili köýnekçäni geýer.