Italiýanyň “Milan” topary tomsuň başyndan bäri düzümine goşmak üçin tagalla baryny eden futbolçysy Ardon Jaşarini transfer etdi. “Milan” kluby 23 ýaşyndaky şweýsariýaly ýarymgoragçy üçin Belgiýanyň “Klub Brýugge” toparyna 34+3 million ýewro berer. Italýan kluby onuň bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Jaşari “Klub Brýuggeden” öň ýurdunyň “Lusern” toparynda oýnapdy. Jaşarini “Milanda” 30-njy belgili köýnekçäni geýer. Jaşari Belgiýanyň çempionatyndan transfer edilen iň gymmat 2-nji futbolçy bolup, ondan öňem “Milan” Şarl De Ketelareni “Klub Brýuggeden” 37,5 million ýewro alypdy. Jaşari “Milanyň” düzüminde çykyş etjek 14-nji şweýsar futbolçy bolar.