Ýurdumyzda giňden bellenilýän bu baýram mynasybetli Ahal welaýatynyň “Nowruz ýaýlasynda” geçiriljek dabara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleriniň, Nowruz bilen bagly milli däp-dessurlaryň esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen badalga alar. Bu ýerde ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny, dürli sergileri ýaýbaňlandyrmak, halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, bagbançylyk, senetçilik, maşgala toýlary bilen bagly däp-dessurlaryny beýan edýän çykyşlaryň, sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu barada 13-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.