18-nji fewralda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenildi we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen diplomatlary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak maksady bilen, öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda maksatnamalaýyn işleri alyp barýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda ýurdumyzyň türkmen halkynyň gadymyýetden gelýän milli ýörelgeleri, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsiniň özenini düzýän parahatçylyk, watansöýüjilik, adamkärçilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk kadalaryna esaslanýan, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen içeri we daşary syýasaty barha dabaralanýar.
Bilşimiz ýaly, şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilenine 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli dünýäniň iň iri jemgyýetçilik guramasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi berkarar Diýarymyzyň diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmek boýunça ýurdumyz tarapyndan alnyp barylýan umumadamzat bähbitli işlere halkara derejesinde goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasydyr.
Bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige, dostluga esaslanýan daşary syýasaty täze üstünlikler bilen dabaralanýar, belent maksatlar bilen rowaçlanýar. Halkara gatnaşyklarda «Dialog – parahatçylygyň kepili», «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýaly ynsanperwer filosofiýany öňe sürýän kuwwatly döwletimiziň halkara abraýy belent derejelere göterilýär. Biz bu hakykata ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan dostlukly gatnaşyklarynyň, ýola goýýan köpugurly hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň, öňe sürýän başlangyçlarynyň goldanylmagynyň mysalynda has anyk göz ýetirýäris.
Ýurdumyzyň dost-doganlyk ýollaryny, gazanan üstünliklerini, döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda alyp barýan işlerini wagyz etmekde bolsa türkmen diplomatlary tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Olar hormatly Prezidentimiziň kesgitlän ýörelgelerinden ugur alyp, döwletimiziň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Her ýyl ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramynyň bellenilmegi, iş tejribesi bilen aýratyn tapawutlanan işgärlere hormatly atlaryň dakylmagy we olaryň döwlet sylaglary bilen sylaglanylmagy bolsa türkmen diplomatlaryny has-da tutanýerli zähmete ruhlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dünýä bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gabat gelmeginde çuňňur syýasy many bar diýip hasaplaýaryn. Biz Bitarap döwlet bolmak ugrundaky maksadymyzyň hut Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde durmuş hakykatyna öwrülendigine we dünýä jemgyýetçiliginiň ähli agzalary tarapyndan ykrar edilendigine buýsanýarys» diýip bellemegi ýurdumyzyň halkara arenasynda ägirt uly hormatyň eýesidigini ýene-de bir gezek subut edýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan durnukly ösüşiň özara baglanyşykly 17 maksadyndan durýan ugurlar boýunça wezipeleri durmuşa geçirmekde dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdäki orny eýeleýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 155 ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy, 50 töweregi iri halkara guramalaryň agzasydyr we olaryň sany artmagyny dowam etdirýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararyna laýyklykda, goňşy döwletleriň we Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň goldawy bilen Aşgabatda döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi (UNRCCA) bilen ýakyn hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Bu merkez meseleleri çözmekde we Merkezi Aziýada parahatçylygy gorap saklamak we ösüşi güýçlendirmek üçin Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümetleri bilen işleşmäge borçlanýar. Bu wajyp halkara merkezi döretmek başlangyjy sebitleýin we dünýä derejesinde parahatçylygy goramak we howpsuzlygy üpjün etmek üçin konseptual pikirleri yzygiderli öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza degişlidir.
Jahan GARRYGULOWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.