Halkymyzyň milli lybaslary Ýer ýüzünde giňden meşhurdyr. Gadymy döwürlerden bäri gaýtalanmajak gözelligi, nepisligi we inçeligi bilen tapawutlanýan türkmen milli egin-eşikleriniň bezeg aýratynlyklary moda dünýäsiniň özboluşly bölegine öwrüldi. Munuň özi biziň her birimiziň kalbymyzda watançylyk, milli gymmatlyklarymyza buýsanç duýgusyny joşdurýar.
Ähli döwürlerde türkmen milli egin-eşikleri baý öwüşginli bezeg aýratynlygy bilen haýran galdyryp gelipdir. Syk dokalan matalar, sünnäli ýerine ýetirilen keşdeler, ýagty öwüşginli nagyşlar diňe bir bu lybaslary geýmäge höwes bildirýän gelin-gyzlaryň däl, eýsem, olary öz eserlerinde mynasyp suratlandyrýan nakgaşlaryň hem ünsüni çekipdir. Häzirki wagta çenli gadymy we orta asyr türkmen egin-eşikleriniň nusgasy doly saklanyp galmandyr. Emma italýan Galkynyş döwrüniň suratkeşleri öz eserlerinde türkmen lybaslaryny mynasyp şekillendiripdirler. Ol eserler dürli taryhy döwürlerde türkmen egin-eşikleriniň dünýä ýurtlarynda çäksiz gymmata eýe bolandygyny tassyklaýar.

Türkmen egin-eşikleri doganlar Jentile we Jowanni Bellinileriň «Keramatly Markyň Aleksandriýa şäherindäki wagyz-nesihaty» (1504 — 1507) atly eserinde (ýokardaky surat) mynasyp beýanyny tapýar. Ilkibaşda bu eseri doganlaryň ulusy Jentile çekip başlaýar, soňra Jowanni dowam edýär. Aslynda eserde Aleksandriýa şäheri däl-de, eýsem, Osmanly döwletiniň paýtagty Stambul şekillendirilipdir. Suratkeş Jentile Bellini Wenesiýanyň ilçihanasynyň agzasy bolmak bilen, Gündogara ýygy-ýygydan syýahat edipdir, ýerli medeniýeti we däp-dessurlary öwrenmäge uly gyzyklanma bildiripdir. Uly göwrümli eserde Gündogar binalarynyň öňünde giň meýdança suratlandyrylýar. Taslamanyň merkezinde tiara meňzeş türkmen başgaby bolan topbuly zenan keşpleri ünsüňi özüne çekýär. Şonuň bilen birlikde, eseriň sag böleginde şekillendirilen erkek adamlaryň kellesinde beýik başgaby — häzirki wagta çenli halk arasynda giňden geýilýän «telpegi» görmek bolýar.

Eýranyň Huzestan welaýatynda ýerleşýän gaýa diwaryndaky güberçek eserde şekillendirilen Parfiýanyň şasy Mitridat I başy telpekli şekili türkmenleriň gadymy döwürlerde-de telpek geýendiklerini subut edýär. Gündogar medeniýetinden ruhlanan italýan suratkeşi Jentile Bellini öz eserleri bilen döwrüň özboluşly taryhçysy hasaplanýar.

Italiýaly suratkeş Jorjoneniniň döredijiliginde-de Gündogar lybaslary ussatlyk bilen şekillendirilipdir. Muňa onuň «Üç pelsepeçi» (1505 — 1509) atly eserini mysal getirmek bolar. Eserde dürli ýaşdaky üç adam: eli ölçeýji gurally ýetginjek, orta ýaşly adam we astronomik diagrammaly ýaşuly bar. Olar ynsan ömrüniň üç esasy tapgyryny, ýagny bilesigeliji ýaşlygy, gujurly kämilligi we pähimli garrylygy aňladýarlar. Galyberse-de, olaryň keşbine adamzat taryhyndaky üç esasy döwür — antik, Orta asyrlar we Renessans döwürleri hökmünde hem garamak bolar. Eger ýaşuly adamyň keşbinde antik döwrüniň pelsepeçisi şöhlelendirilýän bolsa, orta ýaşly adam Gündogaryň akyldary hökmünde suratlandyrýar. Olar, göýä, geçmişiň wekilleri hökmünde Galkynyşyň ýaş alymyna öz toplan bilimlerini geçirýärler. Eseriň gahrymanlarynyň arasynda uzyn donly we selleli Gündogar lybasly akyldar ünsüňi çekýär. Ol ýaşlyk bilen garrylygyň arasynda ýerleşmek bilen, pelsepe, astronomiýa we arifmetika ylymlarynyň ösmegine Gündogar akyldarlarynyň täsir ýetirendigini tassyklaýar.


Wenesiýanyň nakgaşlyk mekdebiniň görnükli wekili, syýahatçy we Gündogaryň medeniýetiniň hakyky janköýeri bolan Tisian Weçellio hem eserlerinde Gündogar lybaslaryny ýygy-ýygydan şekillendiripdir. Gündogara birnäçe gezek syýahat edip, türk soltanlarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň portretlerini çekipdir. Ussadyň «Sygan madonnasy» (1511 — 1512) (4-nji surat) atly meşhur eserinde türkmen milli egin-eşiginiň wajyp düzümi görkezilýär. Eser ene temasyna bagyşlanypdyr. Onuň esasy çeper aýratynlygy taslamanyň yzky meýilnamasynda türkmen milli ketenisiniň şekillendirilmegi bolup durýar. Olar eserde bezeg bölegi hökmünde görkezilýär. Hut şular ýaly gyzyl zolakly keteniler Osmanly imperiýasy döwründe türkmenleriň arasynda giňden ýaýrapdyr. Taslamada ýaşyl ýüpegiň dürli öwüşginleriniň öňünde dikligine geçirilen al-gyzyl zolaklar esere adatdan daşary belentlik, dabaralylyk we haşamlylyk äheňlerini çaýýar.
Jemläp aýdylanda, italiýaly nusgawy nakgaşlaryň köpsanly eserlerinde türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli däp-dessurlary öz beýanyny tapypdyr. Bu bolsa türkmen medeniýeti bilen italýan Renessans döwrüniň özara baglanyşygyny aýdyň açyp görkezilýär.
Häzirki wagtda milli egin-eşikler ýurdumyzyň ykdysady özgerişleriniň wajyp pudagyny emele getirýär. Türkmen milli dokmaçylygy gaýtalanmajak sungat eseri hökmünde tutuş dünýäde ykrar edildi. Bularyň ählisiniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň köpasyrlyk milli medeni mirasymyzy gorap saklamak hem-de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda alyp barýan ýokary ähmiýetli işleri durýar.

Selim RASULOW, žurnalist.