Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan köpugurly özgertmeleriniň netijesinde milli manadymyz bilen baglanyşykly düýpli çäreler döwletimiziň ykdysady ösüşini ýokarlandyrmakdan we halkyň ýaşaýyş bähbitlerine esaslanmakdan ybaratdyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz durmuş-ykdysady taýdan barha uly ösüşleri nazarlaýar. 1993-nji ýylyň noýabr aýynyň 1-ine milli walýutanyň-manadyň dolanyşyga girizilmegi pul dolanyşygynyň taryhynda möhüm ähmiýetli waka öwrüldi. Çünki bu çäre bank ulgamynyň pugtalandyrylmagyna we tutuş ykdysadyýetiň üstünlikli ösdürilmegine netijeli ýardam berdi. Geçen ýyllaryň dowamynda türkmen manady ýurduň içinde ygtybarly töleg serişdesi bolmak bilen, ykdysady durnuklylyga goldaw bermegiň pugta maliýe guralyna öwrüldi. Ýurtda hereket edýän milli puluň durnukly, hümmetli we ygtybarly bolmagy onuň ykdysadyýete edýän oňaýly täsirini ýokarlandyrmaga we öňe iteriji güýç bolup çykyş etmäge mümkinçiligini ýokarlandyrýar.
Milli manadymyz ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini alamatlandyrýan, garaşsyzlygymyzy, döwletliligimizi şöhlelendirýän özboluşly nyşanlaryň biri hökmünde göz öňümizde janlanýar. Bilşimiz ýaly, mundan 30 ýyl öň ýurdumyzda ýeke-täk kanuny töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde türkmen manady dolanyşyga girizildi. Şu geçen 30 ýyllyk taryhy ýol ýurdumyzyň maliýe, ykdysady we bank ulgamlarynda ýetilen sepgitlere, gazanylan ösüşlere we amala aşyrylan ajaýyp özgertmelere şaýatlyk edýär. 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda milli manadymyzyň denominasiýasy geçirildi. Manadyň goraglylygyny we satyn alyp bilijilik ukybyny ýokarlandyrmak hem-de halkara ülňülerine laýyk getirmek boýunça ýerine ýetirilen çäreleriň netijesinde 2012, 2014, 2017-nji ýyllarda modifisirlenen banknotlaryň dolanyşyga girizilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Milli pullar islendik bir döwletiň ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanylýar. Uzak taryhy geçmişe göz aýlasak, pul harydyň alyş-çalyş gymmatynyň taryhy ösüşiniň netijesinde emele gelipdir. Dürli döwürlerde halklaryň arasynda pullaryň dürli görnüşleri ulanylypdyr. Pullaryň şeýle giňden ulanylmagy netijesinde, öý hojalyklarynyň we döwletleriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň çägi has-da giňäpdir. Şu jähetden, wagtyň geçmegi we özara alyş-çalşyň düýpli ösmegi bilen, pul düşünjesiniň üsti nagt däl hasaplaşyklaryň bank kartlary, elektron pul hem-de elektron gapjyk ýaly zamanabap gurallary esasynda ýetirilipdir.
Häzirki döwürde 2011–2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna, 2019–2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň Konsepsiýasyna hem-de 2021–2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak, milli hasaplaşyk ulgamynyň durnuklylygyny pugtalandyrmak hem-de banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
Sanly ykdysadyýete geçmek üstünlikli amala aşyrylýar. Programma üpjünçilikleri işlenip taýýarlanylýar. Bank amallarynyň sanly ulgama geçirilmegi diňe bir hyzmatlaryň görnüşlerini köpeltmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hilini gowulandyrmaga, hasaplaşyklar üçin sarp edilýän wagty azaltmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, banklara puluň dolanyşygyna gözegçilik etmäge hem-de degişli çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär.
Milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli bank ulgamy boýunça geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigine talyplaryň uly topary özleriniň ylmy işlerini hödürleýärler. Talyplaryň okuwdan daşary çärelere we bäsleşiklere işjeň gatnaşmagy umumy maksatlara we wezipelere laýyk gelýän, has netijeli bilim almaklaryna uly mümkinçilikleri berer.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda eden çykyşynda bilim özgertmelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ösüp gelýän ýaş neslimiziň döwrebap ylym-bilim, edep-terbiýe almagy hem-de dünýä derejesinde giň gözýetimli, ýokary düşünjeli, häzirki zaman çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, Watana, halka, mähriban Prezidentimize wepaly hünärmenler bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalaryň edilýändigini belledi.
Ýurdumyzda hünärmenleriň bilim derejelerini ýokarlandyrmak baradaky alada esasy orunda durýar. Kämil bilimli, sowatly bolmak, kompýuterlere hem öňdebaryjy tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edip, sagdyn hem-de ruhubelent bolmak türkmen hünärmenleriniň durmuş ýörelgesine öwrüldi.
Bitaraplyga we Garaşsyzlyga guwanyp ýaşamak, ösüşlerden ösüşlere tarap bedew bady bilen öňe gitmek, geljekde ykdysady toplumda işlejek maliýe-hojalyk hünärmenlerine ykdysady bilimleri öwretmek biziň mukaddes borjumyz bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim-ylym ulgamyny ösdürmäge, ýaşlara okamaga, ylym bilen meşgullanmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri we şertleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Meret Meredow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy,
Ymamguly Rejepow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.