Bilişimiz ýaly, manadyň dolanyşyga girizilmegine 33 ýyl bolýar. Bu senä gabatlanyp “Milli manat — täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşleriniň binýady” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça başlangyçlaryny we bank ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini giňden beýan etmek, bu ulgamda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşdyrmak, şeýle hem halkara maliýe guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
17-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilmegi mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.
PDF








