Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary esasynda Diýarymyz dünýäniň iň bir ösen döwletleriniň hatarynda barýar. Ýurdumyzyň her bir pursaty guwandyryjy we buýsandyryjy wakalara beslenýär. Şeýle ajaýyp zamanada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşdir özgerişlerini, halkymyzyň dünýäni haýrana goýýan milli gymmatlyklaryny, ruhy mirasyny aýawly saklamak, olary geljekki nesillere ýetirmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan taryhyny, durmuşyny, medeniýetini, ahlagyny, edim-gylymlaryny, däp-dessurlaryny, dil baýlygyny özünde jemleýän «Görogly dessançylyk sungatynyň», türkmen milli tans sungatynyň ajaýyp däplerini özünde jemleýän «Küştdepdi aýdym we tans dessurynyň», türkmen halkynyň milli däplerini öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolan Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilmegi hem aýdyň subutnamadyr. Şeýle hem «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» türkmen halyçylyk sungatynyň hem girizilmegi gözelligi babatda deňsiz-taýsyz hasaplanýan, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun tutýan halylarymyzyň türkmeniň dünýä beren naýbaşy gymmatlygydygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Halyçylyk sungaty – inçe, nepis sungat bolmak bilen ol ene-mamalarymyzyň haly dokamakdaky baý tejribesini özünde jemleýär. Türkmen halysy halkymyzyň çeperçilik ukybynyň kämil önümidir.
Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy döreden we halkyň arasynda saklanyp galan ruhy mirasy hem-de beýleki etnografik gymmatlyklary halkyň baý mirasynyň nusgalarydyr. Halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli-ruhy medeni mirasyny öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak ugrunda hem giň tagallalar edilýär. Köp sanly rowaýatlar, nakyllar, atalar sözi, toý we durmuşy däp-dessurlar, edim-gylymlar, yrymlar, halk tebipçiligi, awçylyk, seýisçilik sungaty, milli aýdym-saz sungaty, küştdepdi gazallary, läle, hüwdi, monjugatdy, öleň, toý aýdymlary ýaly milli gymmatlyklarymyz hem giňden wagyz etmek, olary toplamak hem-de halk köpçüligine ýetirmek babatda hem uly işler alnyp barylýar.
Seýisçilik sungaty barada aýdylanda müňlerçe ýyllyk şöhratly taryhy bolan türkmen halkynyň ajaýyp halysy, şaý-sepleri ýaly ýelden ýüwrük bedew aty hem milli baýlyklarynyň biridir. Ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda atçylygy we atly sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlary täzeden dikeldilip, türkmen atşynaslyk sungaty täze belentliklere göterilýär. Ady dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny köpeltmek boýunça uly işleri alyp barýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, seýle hem Türkmen bedewiniň baýramyny we onuň çäginde baýramçylyk dabaralaryny, bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek işleri uly guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar.
Milli baýlyklarymyzyň biri hem türkmen alabaýydyr. Türkmen halkynyň milli baýlygynyň – türkmen alabaýlarynyň düýpli öwrenilmegine uly goşant bolup durýan halkara bileleşigiň hem döredilmegi milli gymmatlyklara goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň döredilmegi alabaý itleriniň gymmatly tohumyny saklamak, itşynaslyk medeniýetini ýokarlandyrmak we ony ösdürip ýetişdirmegiň täzeçil usullaryny üpjün etmekde möhüm ädim bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp alabaý itleriniň halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän orny barada gürrüň berýän «Türkmen alabaýy» atly kitaby hem bu ugurda möhüm gollanma bolup durýar.
Ýurdumyzda taryhy-medeni ýadygärliklerimizde rejeleýiş-konserfasiýa we arheologik işleri bilen bilelikde gymmatly taryhy tapyndylarymyzy halas etmekde, olary muzeýleşdirmekde hem birnäçe işler alnyp barylýar. Golaýda paýtagtymyz Aşgabatda tapylan Parfiýa döwrüne degişli hum küýzeler Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan öwrenildi. Soňra olar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýine dabaraly ýagdaýda tabşyryldy. Munuň özi ýurdumyzyň baý taryhyny gorap saklamak babatda edilýän işleriň subutnamasydyr.
Tawus HOJANEPESOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.