Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Mer­ke­zi ban­ky mil­li pu­luň – emir­li­giň dir­he­mi­niň tä­ze ny­şa­ny­ny hem-de onuň san­ly nus­ga­sy­ny ta­nyş­dyr­dy. Bu ba­ra­da «Sa­da El-Ba­lad» ne­şi­ri ha­bar ber­di.
Ny­şan wal­ýu­ta­nyň iň­lis di­lin­de aň­la­dyl­ma­gyn­dan ge­lip çyk­ýan harp­lar­dan we ma­li­ýe ul­ga­my­nyň dur­nuk­ly­ly­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan iki sa­ny kese çy­zyk­dan yba­rat­dyr. San­ly dir­hem te­ge­lek gör­nüş­de bo­lup, onuň için­de ha­ky­ky pu­luň ny­şa­ny ýer­leş­ýär.
San­ly pul şu ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gin­de dolanyşyga goýberiler. Ol res­mi tö­leg se­riş­de­si hök­mün­de äh­li söwda no­kat­la­ryn­da ka­bul edi­ler.