“Bawariýa” toparynyň ýyldyz oýunçysy Tomas Müller MLS-iň “Wankuwer Waýtkäps” topary bilen 1,5 ýyllyk şertnama gol çekişdi. 35 ýaşyndaky germaniýaly futbolçy şu wagta çenli diňe “Bawariýanyň” düzüminde oýnapdy. 2008-nji ýylda professionallyga ädim äden Tomas Müller münhenlileriň düzüminde 17 möwsümde 756 duşuşykda 250 gol geçirdi. Ol “Bawariýada” 13-si “Bundesliganyň” çempionlygy jemi 33 kubogy asmana göterdi.
Onuň Germaniýanyň milli ýygyndysynda-da 131 oýunda 45 goly bar. Tomas Müller Kanadanyň Wankuwer şäheriniň klubunda, ýagny täze toparynda öňki geýen köýnekçesini, ýagny özüniň söýgüli belgisi 13-nji belgide oýnar.