Ispaniýanyň Barselona şäherinde Mobil dünýä maslahaty (MWC) öz işine başlady. Dört günlük halkara gözden geçirilişe dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary gatnaşyp, soňky harytlaryny we hyzmatlaryny köpçülige görkezýär. Sergä 2 müňden gowrak kompaniýa gatnaşýar. MWC-de mobil tehnologiýalar, uçýan taksiler, samokatlar, internet aragatnaşygynyň 5-nji nesline degişli tehnologiýalar görkezilýär. Bütindünýä GSM bileleşigi tarapyndan (GSMA) guralýan sergä dünýäniň 200-den gowrak ýurdundan wekiller gatnaşýar. Sergide “Huawei”, “Nokia”, “Ericsson”, “Xiaomi” ýaly öňdebaryjy tehnologiýalary ägirtler has uly stendleri bilen ünsi özüne çekýär. Şeýle hem wodorod-elektrik ýangyçly gibrid motosikl ýaly has täsin tehnologiýa önümlerini görmek bolýar. Şeýle hem bu ýerde emeli aň tehnologiýasyny görmek bolýar.
Sergide “Nokia” brendi täze logosyny tanyşdyrdy.
Indi surat el telefonyndan düşürilýär
“Huawei” kompaniýasy täze taýýarlan maglumaty barada habar berdi. “Huawei XMAGE Trend” atly maglumatnamada her ýyl dünýäde 1,4 trillion köp surat düşürilýändigi bellenilýär. Olaryň 89 göterimi el telefonlary arkaly alynýar. Maglumatnamanyň awtordaşlarynyň biri bolan, jemgyýeti öwreniji Nikol Fernandez indi surata düşürmek üçin şol ugurdan sowatly hünärmen bolmaga zerurlygyň ýokdugyny belleýär.
Dürli elektron enjamlarynyň öndürýän “Xiaomi” kompaniýasy hem iň soňy “AIoT”, ýagny Jisimleriň emeli aňyna degişli soňky önümlerini görkezdi. Olaryň arasynda güýmenje pudagynda iş alyp barýan “Xiaomi Buds 4 Pro”, “Xiaomi Watch S1 Pro” we “Xiaomi Electric Scooter 4 Ultra” ýaly önümler bar. “Xiaomi Buds 4 Pro” smartfony ýokary durulykdaky ses, maglumat geçiriş tizligi we ýokary durulykda surata düşürýän kamerasy bilen tapawutlanýar. Telefonyň ekrany hem çyzylmaga we döwülmäge garşy berk goralandyr.
“Xiaomi Electric Scooter 4” bolsa, sagatda 25 kilometr tizlik bilen 25% ýapgyda hem aňsatlyk bilen çykyp bilýär. Ulag bir gezekki zarýady bilen 70 km tizlik bilen hereket edýär.
“Segway” kompaniýasy bolsa wodorod-elektrik gibrid motory bilen işleýän motosikli bilen köpleri haýran galdyrdy. Ýokary tizligi 150 km/sagat bolan motosikl 0-100 kilometr tizlige 4 sekuntdan hem gysga wagtda ýetýär.
Soňky ýyllarda ýük we ýolagçy gatnatmakda ulanylýan uçýan kiçi göwrümli howa ulaglaryny işläp taýýarlamakda hem uly öňegidişlikler gazanylýar. Sergide şäherýaka gatnawy amala aşyrmaga niýetlenen taksiler hem görkezýär.