FIFA Dünýä Kubogy 2026-a gatnaşjak ýene bir ýygyndy belli boldy. Saýlama tapgyrynyň Afrika zolagy boýunça “A” toparçada çykyş edýän Müsüriň ýygyndysy myhmançylykda Jibutiniň ýygyndysyndan 3-0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda müsürlileriň gollaryny Ibrahim Adel (8) bilen Mohamed Salah (14, 84) derwezä girizdi. Şunlukda, toparçalardaky duşuşyklaryň tamamlanmagyna 1 oýun galanda, Müsüriň ýygyndysy utugyny 23-e çykardy we Dünýä Kubogyna wekilçilik etmäge hukuk gazandy. Umumylykda-da 4-nji gezek gatnaşjak Müsüriň ýygyndysy mundan öň 1934-nji, 1990-njy hem-de 2018-nji ýyllarda futbolyň iň uly baýramçylygynda çykyş edipdiler. Müsüriň ýygyndysy 9+1 topar ugratjak Afrikadan wekilçilik edýän 3-nji topar bolup, ondan öň Marokkonyň hem-de Tunisiň ýygyndylary Dünýä Kubogyna ýollanma alypdylar. Öňümizdäki 4-5 günüň dowamynda Afrikadan Dünýä Kubogy 2026-a gatnaşjak ýene-de 6 ýygyndy belli bolar.
PDF









