Moldowanyň parlamenti ýurduň kanun çykaryjy edarasyna saýlawlaryň senesini 28-nji sentýabra belledi. Degişli karar mejlisde dolandyryjy “Hereket we raýdaşlyk” partiýasynyň sesleri bilen kabul edildi.
-Parlament saýlawlarynyň geçiriljek senesini kesgitlemek baradaky karar taslamasy 57 ses bilen tassyklandy – diýip, kanun çykaryjy edaranyň başlygy Igor Grosu belledi. “Parlament saýlawlaryny 2025-nji ýylyň 28-nji sentýabryna meýilleşdirmeli. Bu karar resmi taýdan çap edilen gününden güýje girer” diýlip, parlament hukuk komissiýasynyň başlygy Weronika Roşka tarapyndan okalan kararda beýan edilýär.
Kommunistler we sosialistler blogy parlament saýlawlaryny iýul aýynyň ahyryna meýilleşdirmegi teklip etdi, ýöne bu başlangyç goldaw tapmady. Saýlaw senesi kesgitlenmezden ozal ýurduň Prezidenti Maýýa Sandu mejlisde çykyş etdi we saýlawçylara ýüzlenmesinde Ýewropa gönükdirilen ugry dowam etdirmegiň möhümdigi barada aýtdy.
Moldowa – parlament Respublikasy bolup, Premýer-ministriň dalaşgärligini we hökümet düzümini kanun çykaryjylar tassyklamaly. Saýlawlar ýeke-täk saýlaw okrugynda geçirilýär.
Häzirki wagtda kanun çykaryjy edarasy, Günbatar meýilli “Hereket we raýdaşlyk” partiýasy tarapyndan gözegçilik edilýär. Şeýle fraksiýa 101 deputatdan 61-sini öz içine alýar. Ondan soň 29 deputatdan ybarat kommunistler we sosialistler topary gelýär.
Moldowada öňki parlament saýlawlary 2021-nji ýylyň 11-nji iýulynda geçirildi. Saýlawlaryň netijesinde “Hereket we raýdaşlyk” partiýasy, Kommunistik we Sosialistik bileleşik we “Şor” partiýasy kanun çykaryjy organa girdi.
Moldowa ýa-da Moldawiýa, Günorta-Gündogar Ýewropadaky döwlet bolup, Ukraina we Rumyniýa bilen serhetleşýär. 2022-nji ýylyň ilat ýazuwyna görä, ýurduuň ilaty 2 million 458 müň adama deň. Ýurduň paýtagty Kişinýow.