Moldowanyň parlamenti Natalýa Gawrilisa garaşylmadyk ýagdaýda işinden çekilenden soň Prezident Maýýa Sandu tarapyndan bu wezipä hödürlenen Dorin Reçanyň hökümetiniň maksatnamasyny we düzümini tassyklady.
-Parlament Premýer-ministriň dalaşgärligini we täze hökümetiň maksatnamasyny tassyklady. Oňa 62 deputat ses berdi – diýip, kanun çykaryjy edaranyň başlygy Igor Grosu mälim etdi. Ministrler Kabinetiniň agzalary Ýewropa tarapdar hereket we raýdaşlyk partiýasy tarapyndan goldanyldy. Kommunistler we sosialistler toparynyň we “Şor” partiýasynyň ýolbaşçylary ses bermekden saklandylar.
-Hökümet maksatnamasy, Prezident Maýýa Sandunyň we Hereket we raýdaşlyk partiýasynyň ýurduň ösüşi baradaky garaýyşlaryna esaslanýar – diýip, Dorin Reçan parlamentiň deputatlarynyň öňünde eden çykyşynda aýtdy. Şeýle hem, Reçan döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, “tertip-düzgüni” ýola goýmagyň, işewürleriň maliýe çeşmelerine elýeterliligini ýönekeýleşdirmegiň we korrupsiýa garşy has netijeli göreşmegiň zerurdygyny belledi.
Ýewropa Bileleşigine integrasiýa we ykdysady ösüş täze Premýer-ministriň esasy ileri tutýan ugurlary hökmünde hem bellendi. Dorin Reçan öz ýurdunyň daşary syýasatda 2022-nji ýylda Ýewropa Bileleşigine agza bolmak üçin dalaşgär derejesini alandan soň, Brýusseliň talaplaryny ýerine ýetirmäge ünsi jemledi.
Umuman, Dorin Reçan ozalky kabinetiň agzalarynyň üçden iki bölegi saklady. Gawrilisa 10-njy fewralda prezident administrasiýasynda geçirilen maslahatdan soň işinden çekilýändigini mälim etdi. Soňra Moldowanyň Prezidenti Maýýa Sandu howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Reçany bu wezipä hödürledi.