“Amazon” deňizde ekin eker

153

Elekt­ron söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy de­ňiz­de bit­ýän ösüm­lik­le­ri me­de­ni usul­da ös­dü­rip ýe­tir­mek üçin fer­ma gu­rar. Suw­da­ky ekin meý­da­ny üçin ge­rek bo­lan ener­gi­ýa ýel be­ket­le­ri ar­ka­ly üp­jün edi­ler. Ni­der­land­la­ryň ke­na­ryn­da­ky De­mir­ga­zyk deň­zin­de 10 gek­tar meý­dan­dan ekil­jek ösüm­lik­ler­den bi­rin­ji ýyl­da 6 müň ki­log­ram tä­ze de­ňiz ösüm­li­gi­niň ha­sy­ly al­nar. Bu ugur­da dün­ýä­de il­kin­ji sy­na­nyş bol­jak tas­la­ma­nyň şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Şeý­le­lik­de de­ňiz ösüm­lik­le­ri­niň ha­sy­ly­ny gel­jek ýyl ýe­ti­şer. Bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge De­mir­ga­zyk deň­zin­de suw ösüm­lik­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi üçin ýö­ri­te hü­när­men­ler we kär­ha­na­lar to­pa­ry gat­naş­ýar. Şeý­le hem “Pli­mut” at­ly de­ňiz la­bo­ra­to­ri­ýa­sy, de­ňiz ösüm­lik­le­ri­ni ön­dür­ýän “Al­gaia” we “Wan Oord” kom­pa­ni­ýa­la­ry hem tas­la­ma go­şant go­şar. “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa gel­je­gi uly bo­lan tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge umu­my möç­be­ri 100 mil­li­on dol­lar­lyk glo­bal kli­mat gaz­na­syn­dan gel­ýän 1,5 mil­li­on ýew­ro gran­ty bi­len bu tas­la­ma­ny ma­li­ýe­leş­dir­ýär. Deň­zi­dä­ki “atyz­lar” ýel be­ket­le­ri­niň ara­syn­da bo­lar. Eger-de ýel be­ket­le­ri­niň tut­ýan ýer­le­ri­niň hem­me­sin­de “ekin ek­me­li” bol­sa, 2040-njy ýy­la çen­li 1 mil­li­on gek­tar de­ňiz ösüm­lik­le­ri­niň ha­sy­ly­ny alyp bo­lar. Bi­ler­men­ler de­ňiz ösüm­lik­le­ri­niň kö­mür­tur­şy ga­zy­ny özü­ni siň­dir­mek ar­ka­ly ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň tä­sir­le­ri­ni azalt­ma­ga kö­mek ed­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär. Şeý­le hem bu ýag­daý de­ňiz­ler­de tä­ze ekin ýer­le­ri­niň öz­leş­di­ril­me­gi­ne go­şant go­şar. Mun­dan baş­ga-da de­ňiz­ler­de me­de­ni usul­da ösüm­lik­le­riň ha­sy­ly­ny al­mak de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň ýa­şa­ma­gy üçin hem ekoul­ga­my gow­lan­dy­rar. Bu bol­sa, de­ňiz bio­dür­lü­li­gi­ni ös­dür­mä­ge kö­mek edip bi­ler. De­ňiz ösüm­lik­le­rin­den ýo­kum­ly azyk ha­ryt­la­ry­ny alyp, kos­me­ti­ka, bio­ýan­gyç we öý haý­wan­la­ry üçin iým taý­ýar­lap bol­ýar.

Ma­ral Ba­ba­no­wa, Türk­me­nis­ta­nyñ Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyñ ta­ly­by.