Mongoliýa atlaryň ähmiýetine halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek we jemgyýetiň olary gorap saklamaga gatnaşmagyny höweslendirmek maksady bilen Bütindünýä atlar gününi belläp geçdi.
-Biziň halkymyzda şeýle bir aýtgy bar. “Mongol halky we mongol atlary bir bitewidir”. Şonuň üçin “Naadam” festiwalyna gatnaşyjylara Mongoliýanyň atçylyk medeniýetiniň mirasyny we däp-dessurlaryny gorap saklamak hem-de atlaryň adamzat durmuşynda tutýan ornuny we ähmiýetini ýatlap geçmek üçin Bütindünýä atlar gününiň bellenýändigini habar bermekden hoşal – diýip, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh “Naadam” festiwalynyň açylyş dabarasynda aýtdy.
Gadymy döwürlerden bäri atçylyk medeniýetini we däp-dessurlaryny gorap saklaýan çarwa halklaryň wekili hökmünde Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagin Hurelsuh BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 11-nji iýulyny “Bütindünýä at güni” diýip yglan etmek baradaky kararynyň taslamasyna badalga berdi. BMG-niň Baş Assambleýasy şu ýylyň 3-nji iýunynda geçirilen 79-njy sessiýasynda bu resminamany kabul etdi.
Häzirki wagtda Mongoliýada atlaryň baş sany 5 milliondan geçip, bu ýurduň ilatynyň sanyndan has köpdür. Şeýle-de dünýäde 57 milliondan gowrak at bar. Köp ýurtlarda gylýalçylyk durmuş-ykdysady ösüşde möhüm rol oýnap, at münmek, at çapyşygy, atçylyk sporty, syýahatçylyk we dynç alyş, şeýle hem iş ýerlerini döretmek, iýmit önümlerini öndürmek we beýleki çäreler arkaly oba ilatynyň we ýerli jemgyýetleriň ykdysady kuwwatyna goşant goşýar.