Russiýanyň halk artisti Wera Alentowa 83 ýaşynda aradan çykdy. 25-nji dekabrda Anatoliý Lobotskiý bilen hoşlaşyk dabarasynda aktrisanyň ýagdaýy duýdansyz ýaramazlaşdy we ol gyssagly hassahana ýerleşdirildi. “SHOT” neşiriniň berýän maglumatyna görä, ölümiň sebäbi ýiti ýürek ýetmezçiligi boldy.
Alentowa 1942-nji ýylda Arhangelsk oblastynda dünýä indi. Ol 1961-nji ýylda Moskwa gelip, Moskwanyň çeper akademiki teatrynyň ýanyndaky W.I.Nemirowiç-Dançenko adyndaky mekdep-studiýasynyň aktýorlyk bölümine okuwa girdi. Okuwy tamamlanyndan soň, A.S.Puşkin adyndaky Moskwa drama teatrynyň truppasyna (toparyna) kabul edildi. 1965-nji ýylda bolsa “Uçuşly günler” (Дни летные) filminde mugallym gyzyň keşbini janlandyryp, kinoda sungatyna ilkinji ädimini ätdi.
Aktrisa “Oskar” baýragyna mynasyp bolan “Moskwa gözýaşlara ynanmaýar” filmindäki baş keşbi arkaly dünýä derejesinde şöhrat gazandy. Şeýle hem ol “Ertir uruşdy” (Завтра была война), “Şirli-myrli”, “Balzak ýaşy…” ýaly köp sanly filmlerdäki keşpleri bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanypdy.
Alentowa meşhur režissýor Wladimir Menşow bilen 60 ýyla golaý agzybir maşgala bolup ýaşady. Olar Moskwanyň çeper akademiki teatrynda okap ýören wagtlary tanyşypdylar. 2021-nji ýylda ýanýoldaşy aradan çykanda, aktrisa bu ýitginiň özüne örän agyr düşendigini aýdypdy.
“Ol meniň üçin bu dünýäden gitmedi. Biz barybir bile, men oňa hemme zady gürrüň berýärin… Diňe men öňki ýaşaýan ýerimde ýaşaýaryn, ol bolsa başga bir öýe göçen ýaly” diýip, Alentowa ýatlapdy.
PDF









