Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 21-nji dekabrda Moskwadan Kazana çenli uzaýan M-12 “Wostok” atly ýokary tizlikli awtoulag ýoly boýunça ulaglaryň hereketine badalga berdi. Bu ýol “Russiýa” Ýewraziýa ýolunyň bir bölegine öwrüler.
-Biz şu gün Russiýanyň halkara, Ýewraziýa transport ýolunyň bir bölegine öwrüljek M-12 “Wostok” awtoulag ýolunyň ösüşinde ýene bir möhüm ädim ädýäris – diýip, Wladimir Putin belledi.
Uzynlygy 810 km bolan Moskwadan Kazana (Tatarstan Respublikasy) çenli uzaýan M-12 “Wostok” ýoly möhletinden 7 aý öň guruldy. Ýokary tizlikli ýol Moskwa, Wladimirsk, Nižniý-Nowgorod sebitleriniň hem-de Çuwaşiýa we Tatarystan Respublikalarynyň üstünden geçýär. Täze awtoulag ýolunyň kömegi bilen Russiýanyň paýtagtyndan Kazana çenli ýoluň wagty 12-den 6,5 sagada çenli azalýar.
-“Wostok” ýolunyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu bolsa logistika we transport mümkinçiliklerimizi ep-esli ýokarlandyrar – diýip, Wladimir Putin belledi.