25-nji dekabrda Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy Moskwa–Türkmenabat–Moskwa ugry boýunça uçuşyny amala aşyrar. Bu uçuş Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi haýyşy esasynda guralýar.
“orient.tm” saýtynda berilýän habarda bu uçar arkaly Türkmenistanyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça adatdan daşary topary tarapyndan döredilen düzgünlere laýyklykda, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary Türkmenabat şäherine geljekdigi aýdylýar. Şol uçar bilen 175 ýolagçy Russiýa gider.
Olaryň arasynda Türkmenistanyň çäginde wagtlaýynça ýaşaýan, hemişelik ýaşamak üçin Russiýa gidýän we kanuna laýyklykda Russiýa Federasiýasyna göçmek hukugyny alan rus raýatlary bar.